HALAL ZÄHMETIŇ HÖZIRI

24.03.2025

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýet we durmuş ulgamlaryny döwrebap özgertmek bilen halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmak babatda döwlet syýasatynyň wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň raýatlarynyň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalarynyň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň yzygiderli, şol sanda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan hem 10 göterim ýokarlandyrylmagy ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygyny we abadançylygyny has-da pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistanda Döwlet pensiýa ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmegiň we onuň hereket etmeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslary «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenilýär.

Kanunyň 7-nji maddasynda hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, Türkmenistanda bellige alnan daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň wekilhanalarynda we şahamçalarynda işleýän şahslar, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynda we konsullyk edaralarynda, halkara guramalaryň wekilhanalarynda işleýän Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar degişlidir.

Mundan başga-da, ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar — hususy telekeçiler we olarda işleýän şahslar, hünärmenlik hyzmatlaryny etmek boýunça işi amala aşyrýan fizi ki şahslar, kärendeçiler we olar bilen zähmet gatnaşyklaryna giren şahslar, özbaşdak iş bilen meşgullanýan, girdejisi bolan şahslar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden we Türkmenistanyň dahylsyzlaryndan girdeji alýan fiziki şahslar, hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijilerde işleýän şahslar, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, şeýle hem ýokary harby okuw mekdeplerinde okaýan şahslar, I topar maýyplygy bolan adama ýa-da 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çaga seredýän, işlemeýän adamlar (6 ýyldan köp bolmadyk döwürde), Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň, konsullyk edarasynyň, Türkmenistanyň halkara guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň işgäriniň we oňa deňleşdirilen adamyň aýaly (adamsy) (onuň bilen ýaşaýan, işsiz bolan — 4 ýyldan köp bolmadyk döwürde), çaga seretmek boýunça rugsatda bolýan şahslar (6 ýyldan köp bolmadyk döwürde) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna degişli bolup durýarlar.

Kanunyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ätiýaçlandyrylýan şahslaryň ätiýaçlandyrýandan pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlarynyň hasaplanylyşy we tölenilişi barada maglumat almaga, ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda pensiýa üpjünçiligine, toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalaryny almaga, özüniň pensiýa ätiýaçlandyrmasy baradaky hukuklaryny goramak üçin kanunçylykda göz öňünde tutulan tertipde kazyýete ýüz tutmaga hukuklary bardyr.

Ätiýaçlandyrylan şahslar üçin pensiýa gatançlarynyň binýady hasaplanylanda, peýdalanylmadyk rugsadyň dolunan öwez puly, işe ýerleşilýän döwür üçin saklanyp galýan ortaça zähmet haky, esasy iş bilen utgaşdyrma boýunça zähmet haky göz öňünde tutulýar.

Hünär pensiýasy bellenilende, hu kuk ber ýän işlerde işleýän şahslaryň zähmet haky we peýdalanylmadyk rugsadynyň dolunan öwez puly pensiýa gatançlarynyň hasaplanylmagy üçin esas bolup durýar.

Halkymyzyň şeýle bagtyýar durmuşyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri rowaç bolsun!

Sähragül AKMYRADOWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.