10.04.2025
Şeýle çäreleriň biri hem Arkadag şäheriniň 1nji ýöriteleşdirilen okuw terbiýeçilik toplumyndaArkadag şäheriniňhukuk goraýjy edaralarynyň hemde Türkmenistanyň Magtymguly adyndakyÝaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň geňeşiniň bilelikde guramagynda «Ruhy we beden taýdan sagdyn nesiller — bagtyýar geljegimiziň eýeleri» atly şygar astynda geçirildi. Wagyz-nesihat çäresine «akylly» şäheriň bilim işgärleriwe mekdep okuwçylary gatnaşdy.
Çäre türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beren gymmatly tabşyryklary, öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň arasynda terbiýeçilikişlerini güýçlendirmek,olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň bilim mümkinçiliklerini ösdürmek, türkmençilik ýol ýörelgelerini düşündirmek, ýaramazgylyk häsiýetlerden, nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak maksady bilen geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli alyp barýan syýasaty we parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň bilim almagyna, hünär öwrenmegine, sazlaşykly ösmegine, zähmet çekmegine, döretmegine we berkarar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna gönükdirilen giň gerimli işler buýsandyryjy netijelere beslenýär. Ýurdumyzyň dürli künjeginde yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän döwrebap okuw terbiýeçilik edaralarynyň täze binalary, sport toplumlarymunuň aýdyň beýanydyr. Bu işler ýaşlarymyzyň diňe bir bilimli ylymly, giň dünýä garaýyşly bolmagynda däl, eýsem, asylly, halal işleriň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary bolmagynda hem uly ähmiýete eýedir. Bular dogrusynda çärede giňişleýin bellenilip geçildi.
Medetmuhammet RAHMANNAZAROW, ArkadagşäheriniňKärizeketrabynyňprokurory,1njiderejeliýurist.