Türkmenistanyň Prezidenti halk hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi

23.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, käbir ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň barşynda halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny ösdürmek boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak, ähli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynda şanly seneleri mynasyp garşylamak ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäklerinde ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, birnäçe ugurlar boýunça kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalary, Mejlisiň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek ugrundaky çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen jemgyýetiniň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, onda hakyky demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça Halk Maslahatynyň işiniň örän wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz Garaşsyz Türkmenistanyň düýpli özgertmeler ýoluna düşüp, kanunyň hökmürowanlygyny, jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde öz raýatlarynyň bähbitleriniň, hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hökmünde yglan edendigini aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna möhüm üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň döwletara derejede hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, köptaraply görnüşde netijeli gatnaşyklara üýtgewsiz eýerýändigini aýdyp, halkara hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belledi. Bu ugurda amala aşyrylýan işler Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk derejesine doly laýyk gelmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Maslahatyň dowamynda dürli düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäni, innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamlary ornaşdyrmagyň wajypdygy barada gürrüň edildi hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işleriň barşy barada hasabatlar diňlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak ugrunda alyp barýan işleri, guraljak dabaraly harby ýörişe taýýarlygyň derejesi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli guralýan medeni-köpçülikleýin çärelerde bolşy ýaly, dabaraly harby ýörişde-de şahsy düzümleriň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň, mähriban halkymyzyň synmaz döredijilik ruhunyň açylyp görkezilmelidigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň baş baýramynyň hormatyna gurlup, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zamanyň şertlerine laýyk gelýän täze şäherleriň we şäherçeleriň gurulýandygyny hem-de bu işleriň depginli dowam etdirilmelidigini belledi.

Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimize şanly seneler mynasybetli guraljak sergiler, ýarmarkalar barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge uly üns bermegi, döwlet emlägini hususylaşdyrmak hem-de paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýyllygynyň hormatyna meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu şanly senäni mynasyp dabaralandyrmakda obasenagat toplumynyň düzümlerine möhüm ornuň degişlidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, içerki bazaryň azyk we beýleki ilkinji nobatdaky zerur harytlar bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, halkymyzyň baýramçylyk saçaklarynyň bereketli bolmagyny gazanmak meseleleriniň wajypdygyna üns çekildi.

Maslahatyň dowamynda milli Liderimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli geçirilýän döwlet we medeni-köpçülik çäreleri, baýramçylyk dabaralary baradaky hasabatlary diňläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.