Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

24.07.2021

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli teklipler hödürlenildi.

Köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýle hem türkmen halkynyň «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Şu ýylyň dowamynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Hususan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.

Milli hödürnamalar barada aýdylanda, ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini girizmek boýunça resminamalaryň doly taýýarlanylandygyny hem-de bu guramanyň sekretariatyna tabşyrylandygyny bellemek gerek. Bu babatda gutarnykly çözgüdiň şu ýylyň 29-njy oktýabrynda yglan edilmegine garaşylýar.

ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek üçin «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly hödürnama boýunça resminamalaryň toplumy hem dolulygyna bu gurama tabşyryldy. Bu bölüm boýunça netijäniň şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Maddy däl gymmatlyklar boýunça komitetiň çäginde kabul edilmegine garaşylýar.

Milli Liderimiziň resmi çykyşlaryndan we syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp, häzirki wagtda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn ösdürmek üçin, şol sanda Türkmenistanyň hödürnamalaryny ilerletmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Olar, hususan-da, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň aram guşaklykdaky çölleriniň goraghanalaryny öz içine alýan «Aram guşaklygyň Turan çölleri» atly transmilli hödürnamany taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar. Bu hödürnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň üç sany, ýagny Repetek biosfera, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde, Köýtendag ekoulgamyny hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça resminamalar taýýarlanylýar. Olary baýlaşdyrmak, ylmy-barlag maglumat bilen üpjünçiligini artdyrmak we bu ugurda halkara tejribäni çekmek maksady bilen, ABŞ-nyň Uly landşaftlary goramak merkezi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek teklip edilýär.

Beýan edilen teklipleri nazara almak bilen, özara düşünişmek barada Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamagyň möhümdigi bellenildi.

ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy ekologiýa, daşky gurşawy goramak, ekoulgamlar hem-de tebigy baýlyklary Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek meselelerinde ösdürmek maksady bilen, bu guramanyň «Adam we biosfera» atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde işleri güýçlendirmek teklip edilýär. Onuň düzgünlerine laýyklykda, ÝUNESKO-nyň agza ýurtlarynda ugurdaş milli komitetler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Biziň ýurdumyz bu ugurda iri halkara guramalar, şol sanda BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyk saklaýar. Şunda ÝUNESKO bilen däbe öwrülen gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär, olaryň hatarynda üstünlikli amala aşyrylan hem-de durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar bar. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllarda BMG-niň bu iri düzümi bilen hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygyny belledi.

Ylym-bilim, medeniýet ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk hem-de taryhy-binagärlik ýadygärlikleri we ekologiýany gorap saklamak ikitaraplaýyn gatnaşyklarda Türkmenistanyň işjeň orny eýeleýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ata Watanymyzyň innowasion ösüşe, sanly ulgama geçmäge, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga tarap ugur almagy bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy giňeltmek we onuň mazmunyny baýlaşdyrmak babatda amatly mümkinçilikler açylýar. Dünýä ýüzünde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyny giňden wagyz etmek boýunça görülýän çärelere hem aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiz ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmegiň, degişli ugurda yzygiderli işleri geçirmegiň, Türkmenistanyň öňe süren netijeli başlangyçlaryny ilerletmegiň möhümdigini belläp, bu babatda wise-premýere, daşary işler ministrine hem-de degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek boýunça ýurdumyzyň kanunçykaryjy edarasynyň alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Ýurdumyzy ykdysady, syýasy we medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly täze kanun taslamalaryny taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.

Mejlisiň wekilleri halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen çärelere, şol sanda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň “Howanyň üýtgemeginiň töwekgelçiliklerini Türkmenistandaky meýilleşdiriş çärelerine ornaşdyrmak” atly taslamasynyň çäklerinde geçirilen iş duşuşygyna hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilim boýunça milli konsepsiýasyny işläp düzmek boýunça geçiren okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Mejlisiň deputatlary döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny, täze kanunlaryň many-mazmunyny halkymyzyň arasynda giňden wagyz etmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerini hem-de halkara hukuk kadalaryny we ölçeglerini nazara almak bilen, Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan ýurdumyzyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz iri halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG bilen özara gatnaşyklaryň, birnäçe bilelikdäki möhüm taslamalar boýunça hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesini peýdalanmagyň möhümdigini belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge, jemgyýetde ýokary ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamaga gönükdirilen işlere ünsi çekdi we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa ýüzlenip, halkymyzyň milli medeni mirasyny, belent ynsanperwer däp-dessurlaryny, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we giňden wagyz etmek meseleleriniň hemişe üns merkezinde durmalydygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýaşlary ata Watanymyzyň azatlygy, rowaçlygy barada arzuw eden hem-de, ozaly bilen, mähriban ojagynyň mukaddesligini we şahsyýetiň mertebesini ileri tutan ata-babalarymyzyň mysalynda terbiýelemelidiris diýip, bu wajyp meselä degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli awgust aýynda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çäreler hem-de “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda guraljak dürli derejedäki forumlarda göz öňünde tutulan çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda önümçilik we durmuş-medeni maksatly iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini nygtady. Ýurdumyzyň iň täze taryhynyň aýdyň nyşany bolan bu desgalar Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini we ýeten belent sepgitlerini alamatlandyrýar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl ulanylmaga beriljek täze binalaryň we desgalaryň halkymyz üçin hakyky toý sowgadyna öwrüljekdigini belläp, olaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede guramak barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň suw hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň türkmen bölegini döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy hödürlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda gol çekilen resminama laýyklykda, häzirki wagtda suwdan iki döwletiň arasynda bilelikde peýdalanmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Suw hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň 26-njy maýynda Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, serhetüsti derýalaryň suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we iki döwletiň serhetýaka çäklerinde ýerleşýän suw hojalyk desgalarynyň işini üpjün etmek maksady bilen, Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparyny döretmek bellenildi.

Iki döwletiň arasynda serhetüsti suw serişdelerini dolandyrmakda, peýdalanmakda we goramakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam bermek, bu ugurda ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, iki döwletiň Suw hojalyk meselelerine dahylly ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we guramalarynyň işini utgaşdyrmak hem-de Suw hojalyk meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny kämilleşdirmek barada bilelikdäki toparyň wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  hasabaty diňläp, suwdan rejeli peýdalanmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Munuň özi bolsa Merkezi Aziýada ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Ýurdumyz bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda yzygiderli çykyş etmek bilen, serhetüsti suw serişdelerini ulanmagyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny berjaý etmegiň, birek-birege hormat goýmagyň hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitlerini nazara almagyň esasynda amala aşyrylmalydygyndan ugur alýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasy bilen döwletara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtap, biziň dostlukly ýurtlarymyzyň suw ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine eýedigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de hormatly Prezidentimiziň garamagyna «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny hödürledi.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şol resminamalar nebitgaz toplumynyň edaralarynyň düzüminde sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça bölümleriň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegiň, ony döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň wezipelerine ünsi çekdi. Pudagyň önümçilik we ylmy-tehniki kuwwatynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümleriniň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine mynasyp goşandyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň meseleleri hakyndaky Kararlara gol çekip, olary sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumyny innowasion taýdan ösdürmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamagyň hem-de olary durmuşa geçirmegiň pudakda döredilýän täze düzümleriň işiniň esasy ugurlaryna öwrülmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda gysga möhletli okuwlary guramak barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 8-nji fewralynda ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, degişli teklipler taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Milli Geňeşiň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin gysga möhletli okuwlary guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet gullukçylarynyň etikasyny ýokarlandyrmagyň wajypdygyny nygtady. Olar türkmen halkynyň gadymdan gelýän ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, şol sanda birek-birege hormat goýmak däplerine eýerip, özüňi alyp barmagyň ähli kadalaryny berk berjaý etmelidirler.

Milli Liderimiz her bir gullukçynyň watansöýüjilik, halallyk, işe jogapkärçilikli çemeleşmek ýaly häsiýetleri özünde jemlemek bilen, nusgalyk görelde bolmalydygyny belledi we bu ugurdaky işleri gowulandyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Senagaty ösdürmek boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan çäreleri amala aşyrmak, importyň ýerini tutýan we eksporta niýetlenen harytlaryň önümçiligini ýola goýmak maksady bilen, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan hereket edýän önümçilikleriň düzümini kämilleşdirmek hem-de ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan gurluşyklary zerur bolan gurluşyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny, faýans önümlerini öndürýän zawody gurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar, bu önümçiliklerde esasy çig mal bolup, kaolin önümi giňden ulanylýar.

Balkan kän müdirliginiň kaolin önümhanasynyň taslama kuwwatyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Derýaplastik” hojalyk jemgyýetiniň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna ady agzalan önümhananyň durkuny täzelemek hem-de bilelikdäki açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär. Şol kärhananyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi hem-de durkunyň täzelenilmegi onuň kuwwatyny artdyrmaga, täze iş orunlaryny döretmäge, daşary ýurtlardan getirilýän çig mal üçin harç edilýän serişdeleri tygşytlamaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda sarp edijileri zerur import önümleriniň ornuny tutýan harytlar bilen doly üpjün etmäge ukyply, kuwwatly gurluşyk senagatyny döretmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Milli Liderimiz pudagyň kuwwatyny yzygiderli pugtalandyrmagyň hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islege eýe bolan ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakyndaky» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň hususy ulgama goldaw bermeginiň netijesinde, ýurdumyzyň telekeçileriniň işiniň geriminiň giňelýändigini aýtdy.

Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny çig mal bilen üpjün etmek hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlary özümizde öndürmek maksady bilen, degişli işler geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, özümizde öndürilýän harytlaryň hasabyna içerki bazarda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň söwda toplumynyň möhüm wezipesidigini belledi we ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek, milli ykdysadyýetde onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, daşary ykdysady aragatnaşyklary giňeltmek üçin ähli şertleri döretmek boýunça görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende kagyz galyndylaryna hem-de taýýar çap edilýän önümlere gümrük paçlaryny bellemek hakynda» Karara gol çekip, ony wise-premýere sanly ulgam arkaly iberdi we bu resminamany durmuşa geçirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň meseleleri boýunça Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, degişli düzümler bilen bilelikde bu resminamanyň hem-de Agentlik hakyndaky düzgünnamanyň we onuň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamalaryň taslamalary hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuş ugurly ykdysady ulgamyň ýokary depginler bilen ösýändigini nygtady. Bu ulgam eýeçiligiň dürli usullaryna esaslanýar hem-de bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegi göz öňünde tutýar. Hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, ulag-kommunikasiýa toplumynyň kärhanalaryny dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini kemala getirmegiň esasynda bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen, degişli işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň meseleleri hakynda» Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly M.Çakyýewe iberdi we bu ugurda bellenen çäreleri durmuşa geçirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we pudaklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

***

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara ähmiýetli çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Gün tertibine Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna, sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna, milli önümleriniň halkara sergisine, milli tagamlarynyň festiwalyna hem-de sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler girizildi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, döwletara gatnaşyklary hem-de sebitiň ýurtlarynyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de eziz Diýarymyzyň halkara abraýyny pugtalandyrmaga ýardam etjek çäreleriň ähmiýetini belledi. Milli Liderimiz şu gün halkara ähmiýetli çäreleri guramak boýunça ozal berlen tabşyryklaryň Guramaçylyk komiteti tarapyndan ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere serediljekdigini aýtdy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow awgust aýynyň başynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyny hem-de ikitaraplaýyn duşuşyklary we beýleki çäreleri degişli derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri sebit we halkara ähmiýetli forumlaryň geçirilýän ýerine öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli degişli düzümleriň sazlaşykly işlemeginiň möhümdigine ünsi çekip, öňde boljak halkara ähmiýetli çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň maksatnamasy barada habar berdi. Bu çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriler. Foruma daşary ýurtlaryň wekilleriniň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, degişli forumyň guramaçylyk meselelerine toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogy Türkmenistanyň sebitde gender deňligini üpjün etmek babatda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga mynasyp goşandy bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara forumlary hem-de sergileri ýokary derejede geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, daşary ýurtly myhmanlary türkmen halkynyň gadymdan gelýän myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, mynasyp garşylamagy üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Milli Liderimiz şu maksat bilen, degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň wajypdygyny aýdyp, wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Türkmenistanyň üstünliklerini, halkymyzyň baý medeni mirasyny we köpasyrlyk milli gymmatlyklaryny giňden beýan etmek maksady bilen, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy, Merkezi Aziýa döwletleriniň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konsertine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, halkara ähmiýetli çäreleri talabalaýyk guramak maksadynda, ugurdaş düzümler bilen bilelikde, degişli işleri ýokary derejede geçirmegiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz artistleriň çykyşlarynda ata Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünlikleriniň, türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň öz beýanyny tapmalydygyny aýdyp, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow döwlet Baştutanymyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde hem-de gözegçilik-geçiriş nokatlarynda barlaglary geçirmek üçin nokatlaryň hem-de kesgitlenen ýerlerde lukmanlaryň gije-gündiz nobatçylygyny guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory M.Çakyýew «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak maksady bilen görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň çäginde guraljak Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisine taýýarlyk görmek meselesi hasabatyň esasyny düzdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisini ýokary derejede guramak baradaky meselelere ünsi çekdi. Bu sergi Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň çäginde ýerleşdiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz agentligiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatynyň jemini jemläp, möhüm ähmiýetli forumlaryň — Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň hem-de sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de şolar bilen bagly halkara çäreleriň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtady. Bularyň ählisi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň halkara hyzmatdaşlyk forumlarynyň geçirilýän merkezine öwrülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz öňümizdäki wakalaryň köpugurly sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belläp, möhüm ähmiýetli forumlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we Guramaçylyk komitetiniň agzalaryna anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de halkymyzyň abadançylygynyň we ýurdumyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.