news-photo
Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

13.07.2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda bu iri halkara çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata degişli soraglaryň hem giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň «Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle hem Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.

Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň BMG bilen bilelikde guramagynda geçiriljek bu halkara forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurly köp sanly çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, bäş günläp dowam etjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMG-niň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hem birnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.

Geçiriljek bu çäreler toplumy jemi 7 sany esasy ugry: halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabaralaryny hem-de plenar mejlislerini; ýokary derejedäki tematik «tegelek stollary» (5 sany); ýokary derejedäki 7 sany forumy, ýagny Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy boýunça ministrler duşuşygyny, parlament forumyny, hususy pudagyň forumyny, raýat jemgyýetiniň forumyny, ýaşlar forumyny, zenan ýolbaşçylaryň duşuşygyny, arabaglanyşyk boýunça çäräni, şeýle-de maslahata gatnaşýan döwletler hem-de halkara guramalar we edaralar tarapyndan geçiriljek çäreleri, şol sanda türkmen tarapynyň ýerüsti ulag we arabaglanyşyk, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, ýaşlar syýasaty, durnukly energetika, sirkulýar ykdysadyýet bilen baglanyşykly gurajak ugurdaş çärelerini; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçiriljek binalarynda guraljak tematik sergileri, şol sanda türkmen tarapynyň gurajak sergilerini; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günlerini we onuň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertini; Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan maslahata gatnaşyjylaryň hormatyna guraljak resmi nahary öz içine alýar.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny we onuň çäklerinde geçiriljek çäreler toplumyny ýokary derejede, talabalaýyk guramak boýunça öňde durýan wezipeleri we ýerine ýetirilmeli işleri kesgitledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Prezidentimiziň Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, türkmen tarapynyň halkara forumyň maksatnamasyny üpjün etmegi; daşary ýurtly myhmanlaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatynyň wekilleriniň ýurdumyza gelmeginiň meýilleşdirilýändigini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama, abadanlaşdyrmak, abatlamak, arassalamak we gök zolaklara ideg etmek işlerini ýakyn günlerde tamamlamagy; Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş we ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny taýýarlamagy; ýokary derejedäki tematik «tegelek stol» mejlislerine we foruma gatnaşjak türkmen wekiliýetiniň düzümini kesgitlemegi hem-de degişli teklipleri bermegi; türkmen tarapyndan guraljak ugurdaş çäreleriň gysgaça konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy, olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi; maslahatyň we ugurdaş çäreleriň geçirilýän binalarynda türkmen tarapynyň gurajak sergileriniň sanawyny hem-de görnüşlerini kesgitlemegi we olara jogapkär hökmünde ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyny bellemegi; Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň çäklerinde guraljak medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konsertiniň konsepsiýasyny we maksatnamasyny taýýarlamagy hem-de olaryň Birleşen Milletler Guramasynyň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmegi, milli günler bilen bagly çärelere jogapkär hökmünde Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliklerini bellemegi umumy meseleleriň hatarynda kesgitledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy myhmanlaryň howa menzilinde türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda garşylanylmagyny üpjün etmegi, wekiliýet ýolbaşçylaryny howa menzilinde garşylajak Türkmenistanyň resmi wekillerini kesgitlemegi we bu ugurda degişli teklipleri bermegi, myhmanlary garşylamak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýatlardaky wekilhanalary bilen welaýat häkimlikleri tarapyndan degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi möhüm meseleleriň hatarynda görkezdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz şäher bezeginiň we çäräniň dowamynda ulanyljak köçeleriň abadanlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegini, çäreleriň geçirilýän döwründe ulanyljak köçeleriň ugrunda we döwrebap enjamlarda görkeziljek şygarlardyr şekilleri kesgitlemegi, degişli köçeleri abadanlaşdyrmak we bezeg işlerini geçirmegi, yşyklandyryşy aýratyn gözegçilikde saklamagy şäher bezegi bilen baglanyşykly meseleleriň hatarynda belledi.

Galyberse-de, daşary ýurtly wekiliýetleri myhmanhanalarda ýerleşdirmegiň tertibine aýratyn üns bermegiň, myhmanhanalarda daşary ýurtly myhmanlara ýokary derejede hyzmat etmek üçin zerur şertleri döretmegiň, olarda lukmançylyk we söwda nokatlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ulag üpjünçiligi baradaky meselä ünsi çekip, çäreleriň geçirilýän döwründe ulaglaryň netijeli we talabalaýyk ulanylmagyna aýratyn üns bermegiň, bu ugurda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli taýýarlyk işlerini geçirmegiň, çäräniň dowamynda ulanyljak ähli ulag serişdeleriniň tehniki ýagdaýynyň gözden geçirilmegini we talabalaýyk bolmagyny üpjün etmegiň, «Tiz kömek» awtoulaglarynyň nobatçylyk etmek meselesine seretmegiň, awtobus gatnawlarynyň rejeli ýola goýulmagy bilen bagly bitewi ulgamyň işlenip düzülmeginiň wajypdygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz halkara maslahata gatnaşjak wekiliýetler üçin olaryň ýaşajak we çäreleriň geçiriljek ýerlerinde iýmit üpjünçiligi meselesini üns merkezinde saklamagy Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Söwda-senagat edarasy we Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen bilelikde bu ugurda degişli taýýarlyk-guramaçylyk işlerini geçirmegi hem möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Şeýle-de çäreleriň geçirilýän döwründe ýokary derejede lukmançylyk hyzmatlaryny üpjün etmegiň zerurdygy aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz jemgyýetçilik tertip-düzgüni we howpsuzlyk meseleleri barada aýdyp, çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmeginiň gözegçilikde saklanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp hem-de çäreleriň başlamagyna sanlyja günüň galandygyny göz öňünde tutup, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny üstünlikli geçirmek üçin alnyp barylýan taýýarlyk-guramaçylyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň möhümdigini, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda ähli tagallalary etmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahatyny guramaçylykly geçirmek babatda beren maslahatlary üçin Milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň halkara maslahaty guramaçylykly geçirmek boýunça gol çeken degişli Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi, “tegelek stol” maslahatlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň degişli Karary esasynda ýakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar babatda Ylalaşyga gol çekilendigi aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigi bellenildi. Mundan başga-da, çykyşda halkara forumyň dolandyryş binasynyň işini, meýletinçileri taýýarlamagyň derejesi barada maglumatlar berildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Sekretariaty bilen bilelikde halkara maslahatyň açylyş-ýapylyş dabarasynyň maksatnamasyny, türkmen tarapyndan guraljak çäreleriň konsepsiýasyny işläp düzmek we olaryň BMG-niň üsti bilen hasaba alynmagyny üpjün etmek babatda birnäçe degişli maslahatlaryny berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow çykyş edip, halkara forumy guramaçylykly geçirmek we bu ugra degişli meseleleri ýokary derejede ýerine ýetirmek boýunça işlenip taýýarlanylan maksatnama barada giňişleýin maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, maslahatyň çäklerinde guraljak çäreleriň hemmetaraplaýyn häzirki zaman talaplaryna we halkara görkezijilere laýyk gelmegi ugrunda ähli zerur tagallalar ediler.

Gahryman Arkadagymyz meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigini aýtdy. Şunda myhmanlary ýokary derejede garşylamak we maslahatyň işini talabalaýyk guramak boýunça bilelikdäki tagallalar zerurdyr.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow häzirki döwürde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň ýagdaýy barada maglumat berdi. Şunda syýahatçylyk zolagynyň awtomobil ýollarynyň abadanlaşdyrylmagyna, olarda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerini abadanlaşdyrmak we alnyp barylýan gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz bu babatda hiç bir işiň ünsden düşürilmeli däldigini belledi.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa çykyş edip, halkara forumyň medeni maksatnamasy we onuň çäklerinde guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz halkara maslahaty giňden beýan etmäge toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň bu işleri döwrebap guramaýandyklaryny aýtdy we olaryň alyp barýan işlerini häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejede guramagynyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Milli Liderimiz forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz maslahaty jemläp, hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny we alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

***

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady.

Milli Liderimiz meýletinçileriň lybaslarynyň häzirki zaman talaplaryna we bu künjegiň tebigy howa şertlerine kybap gelmelidigini belledi. Şeýle hem lybaslaryň bezeg serişdeleri, ýazgylary göze gelüwli bolmalydyr. Şol bir wagtyň özünde olaryň reňk sazlaşygyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Bu ýerde lukmanlar, teleoperatorlar, hyzmat ulgamyna degişli beýleki işgärler üçin niýetlenen lybaslaryň taýýarlanylmagyna hem şu talaplar bildirilýär. Gahryman Arkadagymyz olara birnäçe belliklerini aýdyp, lybaslaryň has-da kämilleşdirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Milli Liderimiz binanyň daşyna çykyp, halkara maslahatyň geçiriljek günlerinde ýolagçy awtobuslarynda ýerleşdiriljek ýazgylaryň we şygarlaryň görnüşleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýazgylaryň halkara forumyň ruhuna laýyk gelmelidigini we olarda şanly wakalaryň taryhy ähmiýetiniň öz beýanyny tapmalydygyny aýtdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilmeginde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.