news-photo
Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary başlandy

16.07.2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sapar bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.

Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Biraz wagtdan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menziline gelip gondy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan parahatçylyk söýüjilige esaslanýan ýurdumyzyň daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda goňşy ýurtlar bilen hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary uzakmöhletleýin häsiýete eýedir. Soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu gatnaşyklar hil taýdan täze derejä çykaryldy. Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly we goňşy ýurda amala aşyrýan şu gezekki sapary munuň aýdyň beýanydyr.