Hormatly Prezidentimiz “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi

25.07.2025

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.