DOSTLUGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOLY

29.05.2026

  Gahryman Arkadagymyzyň uzak geljegi nazarlaýan parasatly başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ilkinji bolup ulag diplomatiýasyny yglan etdi. Munuň özi dünýä kartasynyň ýüreginde ýerleşen Türkmenistan Watanymyzyň taryhyň ähli döwürlerindäki ýaly söwdada, senagatda, medeniýetde, ylymda we durmuşyň beýleki ugurlarynda ynsanyýetiň gazanan ösüşlerini dünýäniň ähli künjegine ýetirmegiň eltijisi — Beýik Ýüpek ýolunyň hereketlendirijisi bolmagynda galýandygyny görkezdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uzak aralyklara ýük daşamalarda esasy orny eýeleýän ýurdumyzyň demir ýol ulgamy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag geçelgeleri boýunça ýolagçy we ýük daşamalaryny artdyrmakda, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçilikleriniň ählumumy derejede peýdalanylmagyny üpjün etmekde oňyn netijeler gazanyldy.

Ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň demir ýol ulagy boýunça Geňeşiniň 84-nji halkara mejlisiniň paýtagtymyzda geçirilmegi demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmak, halkara demir ýollar torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmek, bu düzümleri häzirki zaman şertlerinde ösdürmek ýaly wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmakda netijeli ähmiýete eýe boldy.

Demir ýol ulagy pudagynyň şeýle ösüşlere beslenmeginde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda 2015-nji ýylyň 28-nji fewralynda kabul edilen «Demir ýol ulagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň aýratyn orny bar. Çünki bu Kanun demir ýol ulagynyň hereket etmeginiň we ösdürilmeginiň hukuk hem-de guramaçylyk esaslaryny üpjün edýär.

Milli Liderimiziň tagallalary bilen çekilen Gazagystan — Türkmenistan — Eýran, Kerki — Ymamnazar — Akina halkara demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap demir ýol köprüsi halkara ulag ýollaryny birleşdirýän esasy ulag geçelgeleri bolup hyzmat edip, ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerinden peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň yzygiderli artmagyna giň şertleri döretdi.

Dünýäde dostlugyň, ynsanperwerligiň we parahatçylygyň medeniýetini ösdürýän iri ulag taslamalaryny amala aşyryp, Beýik Ýüpek ýolunyň keşbini täze, döwrebap öwüşginler bilen gaýtadan dikeldýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize uzak ömür diläp, rowaç işleriniň has-da şowly bolmagyny arzuw edýäris.

Röwşen ATAÝEW,
Mary şäher prokurorynyň orunbasary,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.