Resmi habar

23.08.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandyny hem-de 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda gazanylan ýokary üstünlikleri nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan:

— Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika bölüminiň tälimçi-mugallymy Artur Pawlowiç Emirýana sport ýaryşlarynda ýeňiji bolup, baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlandygy göz öňünde tutulyp, oňa 2021-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Toyota Camry” kysymly ýeňil awtoulagy;

— Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Polina Aleksandrowna Gurýewa 2021-nji ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça 59 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2-nji orna we kümüş medala mynasyp bolandygy göz öňünde tutulyp, Aşgabat şäheriniň ýaşaýyş jaýlaryndan amatlyklary bolan üç otagly öý, 2020-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Lexus LX570 Sport Plus” kysymly awtoulag we 50 000 (elli müň) amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.