16.10.2021
2021-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykaran 1547 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli Maksatnamadan we ony ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýan utgaşdyryjy Pudagara toparyň nobatdaky 6-njy mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli Maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň 2-nji bendini ýerine ýetirmek maksady bilen, «Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň korrupsiýa garşy bilermenler seljermesini geçirmegiň Düzgünlerini we Usulyýetini tassyklamak hakynda» Kararynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.