TESWIRLEMELER 2021-nji ýylyň sentýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

20.10.2021

Şanly ýubileý senesiniň — mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işleri halkara giňişlikde ýokary işjeňlige eýe boldy.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen baýramçylyk çäreleri, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, tanyşdyrylyş çäreleri Türkmenistanyň döwlet ösüşi babatdaky strategiýasynyň hem-de daşary syýasy ugrunyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Sebitiň goňşy döwletleri bilen ysnyşykly we köp taraply gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň netijeli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi hem-de ileri tutulýan ugrudyr. Şunda Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri hem-de türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we özara goldaw bermek ýörelgelerine berk eýermek bilen, iş ýüzünde dostlukly döwlete yzygiderli goldaw berip gelýär.

1-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň ýolbaşçylarynyň hem-de goňşy döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň gatnaşmagynda ynsanperwerlik kömegini kabul etmek dabarasy boldy. Owgan tarapy hemişe kömek berýän Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Owgan meselesiniň Türkmenistan tarapyndan geçen aýda hyzmatdaş döwletler bilen geçirilen köptaraplaýyn duşuşyklaryň üns merkezinde bolandygyny bellemelidiris. Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýörite wekilleriniň gatnaşmagynda 5-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde goňşy ýurtdaky häzirki ýagdaý we halkara bileleşigiň hem-de sebitiň ýurtlarynyň şu mesele babatda özara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşini pugtalandyrmak meselelerini çözmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda sebitiň çägindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şol meseleler bolsa özara baglanyşyklydyr.

Durmuş-ykdysady, energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde ýurdumyzyň aýratyn orny nygtaldy.

8-nji sentýabrda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy boýunça guraldy. Geňeşmelere Türkmenistandan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tarapyndan şeýle duşuşyklara Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de bu ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge bitewi sebit çemeleşmesini işläp taýýarlamak mümkinçiligi hökmünde garalýar.

Şol gün sanly ulgam arkaly ABŞ-nyň we GFR-iň daşary syýasat edaralarynyň başlangyjy bilen ministrler duşuşygy geçirildi. Geçirilen gepleşiklere gatnaşmaga dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de BMG-niň, ÝB-niň we NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegiň ähmiýetini nygtap, goňşy ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy we durmuş babatda durnuklylygy hem-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köp taraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny döretmegiň zerurdygyny bellediler.

13-nji sentýabrda Ženewada utgaşykly görnüşde Owganystandaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Oňa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasyny düzýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýär. Hususan-da, ýurdumyzyň başlangyjy we ýakyndan goldaw bermegi bilen, goňşy döwletde möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň — mekdebiň, hassahananyň we metjidiň gurluşygy amala aşyryldy. Türkmen tarapy Owganystana derman we lukmançylyk serişdeleri görnüşinde ynsanperwerlik kömegini yzygiderli iberýär.

Daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň wekilleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler güýz paslynyň birinji aýynyň beýleki möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda orun aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugruna laýyklykda, şol ýurtlar bilen özara gyzyklanma bildirilýän netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ejima Kiýoşi bilen geçiren duşuşygynda dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meselesi boldy. Myhman ýapon wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar hem-de okuwçylar bilen geçiren umumy sapagynyň dowamynda öňde goýlan wezipelere bagyşlandy. Çykyş edenler, şol sanda çärä sanly ulgam arkaly gatnaşan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ösüşi, häzirki ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň, ene-atalaryň hem-de maşgalalaryň öňündäki borjy baradaky çuň manyly çykyşynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamanyň hem-de ýokarda agzalan forumyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň resminamalary hökmünde ykrar edilmegi sebit ösüşini ilerletmek üçin Merkezi Aziýa binýadynyň uly ähmiýete eýediginiň tassyknamasyna öwrüldi. Bu resminamalar BMG-niň resmi dillerinde çap edildi hem-de bu iri halkara gurama agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy.

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 102-nji umumy maslahatynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky” Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu abraýly guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi. Onda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde pandemiýa döwründe hem-de saglyk bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara gatnaşyklary boýunça iki günlük onlaýn okuw sapagy geçirildi.

Gyrgyzystanyň we Ysraýylyň halkara bilermenleri döwlet edaralarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklaryny guramak boýunça garaýyşlary barada pikir alyşdylar. Çärä gatnaşanlar Hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we ilaty doly derejede habarly etmek meseleleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda işleýän guramalaryň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

9-10-njy sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilen ÝHHG-niň Merkezi Aziýada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky 23-nji maslahatynyň esasy meselesi “Merkezi Aziýada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy” diýlip atlandyryldy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda, maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň hem-de ýurdumyzyň garaşsyz habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekilleri onlaýn görnüşde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdylar. Bu forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan bilermenleri jemledi.

Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeniýet gatnaşyklary bilen bagly boldy. Foruma gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda travel-žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde chek-in, maglumat kommunikasiýalarynyň täze ulgamynda aň-bilim mediataslamalary ýaly meseleler girizildi.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara meýdançalarda, şol sanda mediagiňişlikde özüniň eýeleýän ornuny işjeň pugtalandyrýan Türkmenistanyň bu foruma Hazarýaka döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlykda hünär babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny bellemek gerek.

VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Serhetsiz Hazar” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýeňijileriň hatarynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem bar.

13-nji sentýabrda Daşkent şäherinde suw hojalyk meseleleri boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Şonda Amyderýanyň suw serişdelerini hem-de suw hojalyk desgalaryny ulanmakda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalygy ulgamynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň we olaryň düzümleýin edaralarynyň ähmiýeti nygtaldy. Mejlisde suw serişdelerini rejeli ulanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, zeýkeş-ýerasty hem-de akaba suwlaryny ulanmak ulgamynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Şondan bir gün geçenden soň, Özbegistanyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Oňa dostlukly ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň örän netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki dostlukly ýurduň Liderleri netijeli döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna uly üns berýärler.

16-njy sentýabrda “C5+1” görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemegi, hususan-da, onuň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de energiýany öndürmek üçin suw serişdeleriniň elýeterliligine ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan howa meselelerine jogap berýän edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar “C5+1” sebitleýin diplomatik binýadyň çäklerinde daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyny ösdürmek hem-de howanyň üýtgemeginden ejir çekýän ilatyň gatlaklary üçin durmuş özgertmelerini goldamak babatda bilelikde işlemegiň wajypdygyny nygtadylar.

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda statistiki kuwwaty pugtalandyrmak we milli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça hasabatlary bermek, Durmuş-ykdysady meýilnama hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmak boýunça esasy resminamalary milli kanunçylyga hemmetaraplaýyn ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Milli maglumatlar binýadyny döretmek babatdaky işiň hem-de 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyna taýýarlyk görmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde “Bütindünýä pandemiýasy bilen baglanyşykly dürli töwekgelçilikleri hem-de howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko resminama gol çekdi.

Bu resminama ýerli derejede döwlet wezipeli adamlaryň kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de adam howpsuzlygyny üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegini nazara almak bilen, durmuş-ykdysady taýdan seslenmegiň meýilnamasyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň sanly ulgam arkaly “C5+1” görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary hem-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri “C5+1” sebit diplomatik binýadynyň aýratyn ähmiýetini tassyklap, sebit hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin onuň peýdasyny bellediler.

Netijeli söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün türkmen wekilleriniň “EKSPO — 2020 Dubaýyň” daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen işlemek boýunça utgaşdyryjysy Omar Şehade bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan bu halkara gözden geçirilişiň ähmiýetini nygtadylar.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilmegi köp sanly daşary ýurt neşirleriniň üns merkezinde boldy. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar geçirildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite goýberilişleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamlarynda, ylymda we medeniýetde ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerine bagyşlanyldy.

Milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlary, durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň energetika we ekologiýa diplomatiýasy baradaky makalalar köp sanly okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem-de konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we köp sanly beýleki çäreler geçirildi.

Hyrat şäherinde ýurdumyzyň Baş konsullygy tarapyndan maslahat guraldy. Oňa Hyrat we Badgis welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de dostluk goldawy we owgan halkyna berilýän ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramy hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Kyrşehir Ahi Ewran uniwersitetinde şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplarynyň konserti geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň we halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkiýäniň Samsun şäherinde Ondokuz Maýis uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatyň çäklerinde hem sergi we baýramçylyk konserti guraldy.

ABŞ-nyň Sietl şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ýörite okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga watandaşlarymyz — Türkmenistanyň raýatlary we talyplary çagyryldy. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa Londondaky abraýly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistan, onuň gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşdirilen ägirt uly ekranlarda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan baýramçylyk çäresi geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünlikleri bellenildi.

26-syndan 27-nji sentýabra geçilen gije ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde “Nur Älem” muzeýiniň binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkinde öwşün atdy.

Şeýlelikde, 2021-nji ýubileý ýylynyň sentýabr aýynyň köpöwüşginli wakalarynyň syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we özara düşünişmegiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.