29.10.2021
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýylyň bu wakasy ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamynyň ornunyň artmagynyň, onuň sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamynyň goşulyşmagynyň hasabyna Watanymyzyň geoykdysady kuwatyndan doly peýdalanmak babatda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň 2019-njy ýylyň 11-nji ýanwaryndaky Kararyna laýyklykda, bu giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Resminamada gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda başlamak we awtomobil ýoluny hem-de onuň desgalaryny üç tapgyrda ulanmaga bermek bellenildi.
Şolaryň iň soňkusyny 2023-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak meýilleşdirilýär.
Uzynlygy 600 kilometre barabar bolan Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň işe girizilmegi ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ep-esli ýokarlandyrmaga, halkara ulag-üstaşyr düzümini hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilik berer.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberini ep-esli artdyrmaga we gatnawlary çaltlandyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, goňşy Özbegistan bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikler açylýar. Ýurdumyzyň gündogar sebitini onuň merkezi bilen baglanyşdyrýan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Hazardaky Halkara deňiz portuna we şol ýerden deňiz ýoly arkaly Kawkaza, Ýewropa, Russiýanyň günorta sebitine, Eýranyň demirgazygyna, Pars hem-de Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döreder.