13.11.2021
2021-nji ýylyň 4-nji noýabryndan başlap, Türkenistanyň Baş prokuraturasynda Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 23-nji dekabryndaky №1547 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnamany we ony ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasynyň 19-njy we 21-nji bentlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy tarapyndan tassyklanan «Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan edaralaryň işgärleriniň hünär derejelerini kämilleşdirmek boýunça» Iş maksatnamasynyň esasynda okuw sapaklaryna badalga berildi.
Okuw sapaklaryna «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda, korrupsiýa garşy göreşi amala aşyrýan döwlet edaralary bolan prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralaryndan, gümrük we serhet gulluklaryndan, şeýle hem maliýe, salgyt edaralaryndan we merkezi bankyndan wekiller gatnaşýar.
Korrupsiýa garşy göreş alyp barýan edaralaryň işgärleriniň hünär derejesini kämilleşdirmek, olaryň korrupsiýa garşy göreşmekdäki hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri ýüze çykarmagyň usullaryny, korrupsiýany aradan aýyrmak üçin hem-de jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli ugurlarynda onuň gutarnykly ýok edilmegini gazanmakda dünýä döwletleriniň öňdebaryjy tejribelerini, «Korrupsiýa garşy» halkara Konwensiýasyny, «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda», «Döwlet gullugy hakynda», «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny düşündirmek we olardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň esaslaryny öwretmek okuw sapaklarynyň esasy maksady bolup durýar.
Geçirilýän okuw sapaklarynda «Korrupsiýa barada düşünje we onuň döreýiş taryhy», «Korrupsiýa garşy göreşmekde daşary ýurt döwletleriň öňdebaryjy tejribeleri», «Korrupsiýa garşy göreşmekde halkara we milli kanunçylyk esaslary», «Korrupsiýanyň döremeginiň sebäpleri we şertleri», «Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmekde häzirkizaman usullary we sanly ulgamyň ähmiýeti», «Döwlet gullukçylarynyň korrupsiýa garşy göreşmek boýunça wezipeleri», «Korrupsiýa bilen baglanyşykly hukuk bozulmalara bellenilýän jogapkärçilikler» ýaly temalar boýunça okadylmagy, ýurdumyzda korrupsiýa garşy barlyşyksyz göreş alyp barmaga gönükdirlen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, bu ugurda iş alyp barýan hünärmenleriň kämilleşmegine, dünýä tejribesiniň düýpli öwrenilmegine ýardam eder.