Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kanslerini gutlady

08.12.2021

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Olaf Şolsa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň deň­hukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny, bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde täze sepgitlere ýetjekdigine ynam bildirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Olaf Şolsa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de täze wezipesinde üstünlikleri arzuw etdi.