Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

10.12.2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, senagat, ulag, oba hojalyk, medeniýet we beýleki pudaklaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradowy,

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Nurgeldiýewiç Altyýewi,

Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepowy,

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanowy,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýewi,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburowy,

Aşgabat şäheriniň häkimi Rahym Nurgeldiýewiç Gandymowy.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

***

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda gazanan uly üstünlikleri, milli medeniýetiň ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşyçylyk sungaty kafedrasynyň uly mugallymy Merdankuli Nurýagdyýewiç Baýramowy,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Ýazberdi Gurbannepesowiç Hydyrowy,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň türkmen sazy kafedrasynyň mugallymy Gurbanmyrat Çaryýarowiç Baýjykowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň başlygynyň orunbasary — daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň başlygy Serdar Gurbannepesowiç Atagylyjowy,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň düýpli gurluşyk we ulaglar bölüminiň başlygynyň orunbasary Wepa Ebabakrowiç Karaýewi,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň direktory Şanepes Amannepesowiç Amannepesowy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.