Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

10.12.2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Döwran Allamuratowiç Hudaýberdyýewi,

«Guş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.

***

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň gurluşyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy hem-de Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Derýageldi Nuryýewiç Orazowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» — gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Şamuhammet Durdylyýewi.

Türkmenistanyň Prezidenti

Gurbanguly Berdimuhamedow.