Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylaryň käbirini ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary

10.12.2021

 

Berkarar döwletimiziň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini we medeniýetini ösdürmekde bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, şu ýolbaşçylar ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň energetika ministri Hajymuhammet Saparmuhammedowiç Rejepmyradow,

Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri Allanur Nurgeldiýewiç Altyýew,

Türkmenistanyň dokma senagaty ministri Resul Şyhdurdyýewiç Rejepow,

Türkmenistanyň medeniýet ministri Atageldi Aşyrowiç Şamyradow,

Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amangeldiýewiç Amanow,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Myradowiç Baýgeldiýew,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň başlygy Döwran Reimbaýewiç Saburow,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Derýageldi Nuryýewiç Orazow,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň «Aşgabat-siti» — gurulýan desgalaryň direksiýasynyň direktory Şamuhammet Durdylyýew,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Döwran Allamuratowiç Hudaýberdyýew,

«Guş toplumy» hususy kärhanasynyň başlygy Aleksandr Sahatowiç Dadaýew.