«Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda» Karara gol çekildi

10.12.2021

“Diplomatik gulluk hakynda”, “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda” we “Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek, olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.