Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda Karary

10.12.2021

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän Bütindünýä «EKSPO — 2020» sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyny hem-de Milli gününi guramaçylykly we ýokary derejede geçirmäge işjeň gatnaşyp, has-da tapawutlanandyklaryny nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli çykarylan ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginiň daşary ykdysady aragatnaşyklary seljeriş bölüminiň esasy hünärmeni Atanepes Hojanepesowiç Belliýew,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň menejeri Şatlyk Bazarowiç Hajyýew,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň tehniki dizaýneri Myratgeldi Nurberdiýewiç Berkeliýew,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň grafisti Mekan Aşyrdöwletowiç Abdylow,

«Tekmil» hususy kärhanasynyň tehnigi Ýazberdi Annaberdiýewiç Annagurbanow.