Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany

24.12.2021

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, önjeýli jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin, ösüp gelýän ýaş nesli Watana bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň mugallymy Hojamuhammet Muhammedowy,

«Altyn nesil» hojalyk jemgyýetiniň alyp baryjy inženeri Kakajan Täşliýewi,

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy Eziz Agamuradowiç Dowranowy,

«Ak-gaýa» hojalyk jemgyýetiniň direktorynyň orunbasary Şamurat Hojamowiç Apowowy,

Balkan welaýatyndan telekeçi Myratdurdy Sapardurdyýewiç Näzliýewi,

«Uly ynam» daýhan hojalygynyň esaslandyryjysy Merdan Baýramdurdyýewiç Atdaýewi,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň müdiri Şöwket Ýagmyrowiç Kerimberdiýewi,

Lebap welaýatyndan telekeçi Alym Gurbandurdyýewiç Joraýewi,

«Erkin gurluşyk» hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Toýly Erkinowiç Çaryýewi,

Mary welaýatyndan telekeçi Guwançmyrat Tirkişowiç Orazowy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti

       Gurbanguly Berdimuhamedow.