Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary

20.01.2022

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz irden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden uçarda ýurdumyzyň demirgazyk sebitine tarap ugrady.

Biraz wagtdan soň, hormatly Prezidentimiziň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde milli Liderimizi sebitiň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasyna tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzyň ýoly tebigatyň ajaýyp künjegi bolan Garagum sährasynyň içinden geçdi. Ýylyň häzirki pursatlarynda demirgazyk sebitiň sähra giňişlikleri ak gara bürendi. Munuň özi bu künjegiň ösümlik dünýäsine, aýratyn hem öri meýdanlarynyň baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljekki nesiller üçin saklamak milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän ýurdumyz bu ulgamda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

Garagum sährasy gyş paslynyň çygly günlerinde has-da gözel görünýär. Ýylyň bu paslynda giň sähralarda özboluşly, ajaýyp görnüş emele gelýär. Onuň giňişliklerinde özüne çekiji täsinlik duýulýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy we tabşyrygy esasynda ekologiýa babatda ägirt uly ylmy-barlag işleriniň alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Sähra giňişliginde gadymy döwürlerden bäri saklanyp galan ösümlikleriň köp görnüşlerine duş gelmek bolýar.

Milli Liderimiziň yzygiderli belleýşi ýaly, halkymyz tebigat bilen ysnyşykly ýaşamagyň dünýä nusgalyk tejribesini döredipdir. Bu bolsa tebigaty goramagyň, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsine aýawly gatnaşygy ýola goýmagyň asylly ýörelgesiniň kemala gelmegini şertlendirdi. Garagum sährasy özüniň ösümlik dünýäsi ýaly, müňýyllyklaryň dowamynda özboluşlylygyny we köpdürlüligini saklap gelipdir.

Ylmyň gazananlaryna we halkymyzyň toplan köpýyllyk tejribesine laýyklykda, sähra ösümlikleri ýagynly, maýyl ýaz aýlarynda gowy ösýär. Olaryň çägä gömlen pudaklarynda goşmaça kökler emele gelip, ösümlikleriň köpelmegine şert döredýär. Şeýlelikde, Garagum sährasynyň giňişlikleriniň ösümlik dünýäsi baýlaşýar. Bu bolsa süýşýän çägeleri berkitmekde, tozanly ýelleriň öňüni almakda ähmiýetlidir. Milli Liderimiz munuň ýurdumyzyň ekologiýasynyň gowulanmagynda möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belleýär.

Soňky ýyllarda Diýarymyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklary döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň çäklerinde ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagyna ýardam edýär.

Ajaýyp ekoulgam bolan Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde ekologiýa nukdaýnazaryndan amatly künjegi döretmek, türkmen tebigatynyň netijeli we ylmy esasda peýdalanylmagyny üpjün etmek milli Liderimiziň amala aşyrýan ekologiýa syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Munuň özi Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe bir ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin hem örän ähmiýetlidigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda saklandy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda täze elektrik geçiriji ulgamlary gurmak işleri bellenilen meýilnama laýyklykda, netijeli dowam edýär. Bu ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň we onuň eksport möçberleriniň artdyrylmagyna mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallasy netijesinde energetika ulgamynyň pudaklaýyn düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, önümçilige täzeçil tehnologiýalary, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän asylly başlangyçlary anyk işlerde we giň möçberli gurluşyklarda öz aýdyň beýanyny tapýar hem-de olar halkara derejede giň goldawa eýe bolýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, energetika ulgamy döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ösüşiň täze derejesine çykdy.

Gurluşyk meýdançasynda milli Liderimiziň garamagyna ýurdumyzyň energoulgamynyň ösüşi, onuň düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler we täze döredilýän kuwwatlyklar barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar, olaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary hödürlenildi.

“Türkmenenergotaslama” institutynyň ýolbaşçysy W.Rahmanow ýurdumyzyň halkalaýyn energoulgamyny döretmäge gönükdirilen kuwwatlyklaryň, güýjenmesi 500 kilowolt, uzynlygy bolsa 560 kilometr bolan Balkan — Daşoguz ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň şekil taslamalary barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika pudagynyň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, energiýa serişdeleriniň baý gorlarynyň netijeli peýdalanylmagynyň ykdysady taýdan bolşy ýaly, durmuş taýdan hem örän bähbitlidigini belledi.

“Türkmenenergogurluşyk” konserniniň ýolbaşçysy N.Ataýew hünärmenler tarapyndan dürli güýjenmeli howa elektrik geçirijilerini we transformator beketlerini gurmagyň baý tejribesiniň toplanandygy barada aýdyp, güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik geçirijileriň we beketleriň, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 421 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Balkan, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 380 kilometr bolan iki zynjyrly Ahal — Mary, güýjenmesi 220 kilowolt, uzynlygy bolsa 25 kilometr bolan iki zynjyrly Daşoguz — Daşoguz döwlet elektrik stansiýasy ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň, şeýle hem Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň taslamalary, Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça howa elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işlenilip taýýarlanylan taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň energogurluşykçylarynyň uly tejribe toplamagynyň guwançly ýagdaýdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işlerde häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we dünýä tejribesini öwrenmegiň, şeýle hem ýokary öndürijilikli tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.

Soňra energetika ministri H.Rejepmyradow bu ýerde görkezilýän taslamalaryň üsti bilen Ahal döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmegiň meseleleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, onuň düzüminde bug turbina generator binasy, 4 sany bug gazany, 2 sany transformator we beýleki kömekçi desgalar bolar. Şunuň bilen baglylykda, Daşoguz we Lebap döwlet elektrik stansiýalaryny utgaşykly dolanyşyga geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Lebap döwlet elektrik stansiýasynyň düzümine bug turbina binasy, sowadyjy desga, howa gysyjy bina, ätiýaçlyk dizel generatory, ýagyş suwuny toplaýjy desga, transformator bekedi, bug gazany, esasy elektrik paýlaýjy desga we beýlekiler girýär. Şeýle hem Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketleriniň taslamalary hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkalaýyn energoulgamyň ähli ugurlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmek we olary bellenilen möhletlerde ulanmaga bermek wezipeleriniň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagyna, gurluşyklaryň degişli serişdeler we enjamlar bilen üpjünçiligine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow häzirki döwürde bu ulgamyň pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň geçýän ugrunyň, Mary döwlet elektrik stansiýasyndan «Watan» DES-ne çenli aralygyň, Owganystanyň Mazari-Şarif şäherinden Kabula çenli çekilmegi göz öňünde tutulýan ugurlar barada aýdyldy.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimize Mary DES-nden Hyrat — Farah — Kandagar ugrunyň we Owganystanyň üsti bilen Pakistana çenli geçiriljek ugruň çyzgylary barada hasabat berildi. Şeýle hem wise-premýer Mary — Maşat ugry boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän 500 kilowolt elektrik hem-de uzynlygy 140 kilometr bolan Mary — Sarahs ugry boýunça howa elektrik geçirijisi, güýjenmesi 400 kilowolt, uzynlygy bolsa 15 kilometr bolan Sarahs — Maşat ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň meýilleşdirilýän gurluşyklary barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda bu ulgamda amala aşyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny, energetika kuwwatlyklarynyň ençeme esse artdyrylandygyny, täze elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometriniň çekilendigini belledi.

Munuň özi Türkmenistanyň energiýa garaşsyzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ony elektrik energiýasyny daşary ýurtlara eksport etmegiň ägirt uly mümkinçiliklerine eýe bolan ýurda öwrülmegini şertlendirdi diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri depginli dowam etmek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň energetika ulgamynyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de Energetika ministrliginiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Milli Liderimiz täze ýylyň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň welaýatlarynda iş saparynda bolup, degişli toplumlaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri bilen iş maslahatlarynyň geçirilýändigini belledi.

Ine, şu gün bolsa öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, şeýle hem ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere iberilişi bilen tanyşmak üçin siziň araňyza geldim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz Watanymyzyň energiýa serişdeleriniň baý gorlary ýurdumyzy dünýäde iri energetika döwletleriniň hataryna çykarýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer energetika syýasaty netijesinde içerki sarp edijilerimiz elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýär. Onuň özümizden artýan möçberleri bolsa dürli ugurlar boýunça daşary ýurtlara-da iberilýär. Belent maksatlara gönükdirilen bu syýasaty üstünlikli durmuşa geçirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli zerur şertler döredilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” kabul edilmeginiň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga we elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berendigini aýtdy. Şeýle hem içerki sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny ýokarlandyrmaga, onuň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini we ugurlaryny artdyrmaga amatly şertler döredildi.

Konsepsiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde häzirki döwürde welaýatlarymyzyň hersinde iki-üç sany elektrik stansiýasynyň hereket edýändigini aýdyp, döwlet Baştutanymyz onuň sebitleriň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, pudagyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýändigini belledi.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşularymyz bolan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana, Özbegistan hem-de Gyrgyz Respublikalaryna iberilýär. Şonuň ýaly-da, ony Özbegistanyň hem-de Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara-da ibermegiň mümkinçiligi uly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Kuwwatlylygy 254 megawatdan hem köp bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň öndürýän energiýasy welaýatyň sarp edijilerinden daşary beýleki ýurtlara hem iberilýär.

Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen bagly, geljekde bu elektrik stansiýasyny-da ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy bolsa tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Ahal — Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça gurulýan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşine batly itergi berjek ygtybarly energiýa çeşmeleriniň ýene-de biriniň dörediljekdigine ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň zähmet üstünliklerine beslenýändigini belläp, geçen ýylda ýurdumyzda döredilýän halkalaýyn energoulgamyň Ahal — Balkan böleginiň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetli waka öwrülendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşýan hünärmenleriň hasabatlaryny diňledi.

Hasabatlardan görnüşi ýaly, häzirki döwürde milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde kuwwatly elektrik beketleri gurulýar. Munuň özi içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmäge, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga zerur şertleri döredýär.

Şeýle hem energetika ulgamynyň kuwwatlyklary bilen döwletimiziň degişli düzümlerini deň derejede üpjün etmek we onuň ätiýaçlyk kuwwatlyklaryny döretmek maksady bilen, ýurdumyzda energoulgamy emele getirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy esasynda alnyp barylýan bu işler ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlary gurmak arkaly berjaý ediler.

Ahal — Balkan — Daşoguz we Ahal — Mary ugurlary boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriň we beketleriň doly derejede gurulmagy energoulgamyň ygtybarly hereketini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, bu taslamanyň birinji tapgyry bolan Ahal — Balkan ugry 2021-nji ýylda ulanmaga berildi.

Energoulgamyň Balkan — Daşoguz ugry boýunça ikinji tapgyrynda gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugruň Garagum sährasynyň içi bilen geçýändigini nazara alanyňda, ägirt uly işleriň ýerine ýetirilmeli boljakdygyny aňladýar. Şonuň üçin Balkan — Daşoguz ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijileriň we beketleriň gurluşygynyň maksatnamasyny taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda bu halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygyna energetika pudagynyň ähli energogurluşyk kärhanalary we ýurdumyzyň bu ugur boýunça iş alyp barýan telekeçilik düzümleri işjeň gatnaşarlar diýlip, hasabatlarda bellenildi.

Şeýle hem çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen satyn alnan kuwwatly gurluşyk tehnikalarynyň, beýleki gurallaryň netijeli ulanylýandygy barada aýratyn bellenildi. Hünärmenleriň we gurluşykçylaryň ussatlyk derejesi öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň baş şertini emele getirýär. Bu desgalaryň gurluşygynda ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklaryna we häzirki zaman ekologiýa talaplaryna möhüm üns berilýär. Bu bolsa energogurluşykçylaryň öz işlerinde milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerinden we häzirki döwrüň wajyp talaplaryndan ugur alýandyklaryny görkezýär.

Iş maslahatynda Diýarymyz we tutuş sebit üçin möhüm ähmiýetli bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine telekeçileriň-de işjeň gatnaşýandyklary bellenildi. Munuň özi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň dürli ugurlar, şol sanda energogurluşyk ulgamynda netijeli iş alyp barýandyklarynyň aýdyň beýanydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde ýurdumyzda energetika pudagynyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň işi üçin ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň halkalaýyn energoulgamyň gurluşygyna gatnaşmagynyň guwançly wakadygyny belläp, milli Liderimiz telekeçiligiň hemmetaraplaýyn ösüş ýoluna düşendigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň energetika ulgamynyň işiniň döwrüň talabyna we ösen halkara ülňülere laýyklykda ösdürilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we hünärmenlere alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda bir bitewi energoulgamy döretmek boýunça milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan taslamany amala aşyrmak ugrunda alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer energetika pudagynyň işiniň döwrebap derejede ösdürilmegine, önümçilik kuwwatlyklarynda ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilmegine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Bu taslamanyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň Türkmenistanyň halkara giňişlikde dünýäniň energetika döwleti hökmündäki ornuny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýeti bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer tutuş sebit ähmiýetli taslamany üstünlikli ýerine ýetirmek üçin degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagy ugrunda zerur tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, energetika ulgamynda alnyp barylýan işleriň häzirki zamanyň talaplaryna we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ýola goýulmalydygyny belledi. Şunda täzeçil tehnologiýalara, sanly ulgama we ylmyň ýokary gazananlaryna möhüm ähmiýet berilmelidir. Şol bir wagtyň özünde taslamanyň ekologiýa ýagdaýy aýratyn wajypdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde alnyp barylýan işler bilen tanşandygy hem-de halkalaýyn energoulgamyň Balkan — Daşoguz böleginiň gurluşygynyň dürli meseleleri boýunça özüniň wajyp maslahatlaryny berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň tutuş ilatynyň adyndan hoşallyk bildirdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň energogurluşyk kärhanalarynyň we tutuş energetika pudagynyň işgärleriniň alyp barýan bu işleriniň ykdysady taýdan bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde, sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde wajypdygyny belledi we bu işleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz elektrik energetikasy pudagynyň, şeýle hem çäklerinden ýokary woltly elektrik geçirijisi geçýän welaýatlaryň ýolbaşçylarynyňdyr hünärmenleriň bu il-ýurt bähbitli uly taslamany durmuşa geçirmekde tutanýerli we agzybir zähmet çekjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda amala aşyrýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatyň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň guşçulyk toplumyna geldi.

Bu ýerde milli Liderimizi “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy we hünärmenleri mähirli garşyladylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen salamlaşyp, hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bu ýerde öndürilýän önümler we olaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Bu ýerde “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçysy Ö.Sopyýew hormatly Prezidentimize alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda hojalyk jemgyýetiniň agzybir toparynyň sazlaşykly işi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu hojalykda bir ýylda 300 tonna guş eti öndürilýär.

Döwlet Baştutanymyz telekeçiniň alyp barýan işi, maşgala durmuşy hem-de bu ýerde saklanylýan guşlaryň görnüşleri bilen gyzyklandy.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ö.Sopyýew milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ýerde saklanýan bedeneler barada ilkinji gezek habar bermek mümkinçiligine eýe bolandygyna örän şatdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde jüýjeleriň saklanyş usullary, olaryň näçe wagtda ýetişýändikleri hem-de guşlaryň ot-iýminiň taýýarlanylyşy bilen gyzyklandy.

Telekeçi guşçulyk toplumynda ýylyň dowamynda alty tapgyrda 210 müň jüýjäniň çykarylýandygyny, bir tapgyrda 35 müň jüýje goýberilip, olaryň 45 günde ýetişýändiklerini habar berdi. Hind towugynyň mäkiýany 120 günde, horazy bolsa 150 günde ýetişýär. Şonda mäkiýanyň agramy 8 — 10 kilograma, horazyň agramy bolsa 14 kilograma ýetýär.

Hormatly Prezidentimiz taýýarlanylan towuk etleriniň gaplanylyşy, olaryň göze gelüwliligi hem-de önümleriň nyşany bilen gyzyklandy.

Bellenilişi ýaly, taýýar bolan towuk etleri ýörite gaplara gaplanylýar, olaryň “Mahmal” atly nyşany bar. Munuň özi ekologiýa taýdan arassa ýokumly towuk etleriniň ýumşakdygyny hem-de adam bedeni üçin peýdalydygyny aňladýar diýip, telekeçi gürrüň berdi.

Hojalyk jemgyýetine ot-iým ösdürip ýetişdirmek üçin 50 gektar ýer bölünip berlipdir. Şonuň 20 gektarynda mekgejöwen, 15 gektarynda jöwen, 5 gektarynda arpa, 10 gektarynda bolsa ýorunja ösdürip ýetişdirýärler. Mundan başga-da, işewür toplumyň soýumhana bölüminiň bir sagatda 800 towugy et görnüşinde taýýarlamaga mümkinçilik berýän kuwwatynyň bardygy barada aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde işewür toparlaryň möhüm orun eýeleýändigini belläp, telekeçileriň yhlasly tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ilatynyň ýylyň tutuş dowamynda ter gök önümler, etiň dürli görnüşleri we ýumurtga bilen üpjün edilýändigini aýtdy. Oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçiler içerki bazarlarda dürli görnüşli önümleriň, şol sanda maldarçylyk hem-de guşçulyk önümleriniň, ýumurtganyň bolçulygyny pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalary edýärler diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, halkymyz gadymy döwürlerden bäri guşçulyk bilen meşgullanyp, towuk ýumurtgasydyr etini öndürmäge aýratyn üns beripdir. Ata-babalarymyz towugy ýedi hazynanyň biri hasaplap, onuň etini, ýumurtgasyny ýokumly iýmit hökmünde ulanypdyr.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu telekeçileriň guşçulyk bilen meşgullanyp, halkymyz üçin bähbitli iş edýändigini, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge mynasyp goşant goşýandyklaryny belledi. Döwletimiz telekeçiligi ösdürmäge uly üns berýär. Önümçiligiň dürli ugurlaryny giňeltmek üçin zerur şertleri döredýär. Telekeçilerimiziň netijeli işlemegi, täze önümçilikleri ýola goýmagy üçin mundan beýläk-de zerur şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň agzalaryna önümçiligi mundan beýläk-de giňeltmegi maslahat berdi.

Telekeçiler döwlet Baştutanymyzyň Şa gadamynyň bu ýere düşmeginiň özleri üçin uly hormatdygyny bellediler we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyň nyşany hökmünde dessan aýdyp bermekçidiklerini nygtadylar.

Hünärmeniň ýerine ýetiren dessany ýurdumyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine ägirt uly işleri alyp barýan milli Liderimize bildirilýän hoşallyk bolup ýaňlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asylly işleri ýerine ýetirýän telekeçilere mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edip, Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden paýtagtymyza ugrady.