02.02.2021
2021-nji ýylyň eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — parahatçlygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi, şeýle-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, şol sanda oňyn bitaraplyk syýasatynyň barha rowaçlanýandygynyň, dünýä ýüzünde giň goldawa eýediginiň aýdyň subutnamalarydyr.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Bitaraplyk hukuk derejämizden gözbaş alýan umumadamzat ähmiýetli işler has-da rowaçlyklara beslenip, dünýäde parahatçylygy, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak ugrunda anyk ädimler ädildi, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki syýasy guramalar, dünýä döwletleri bilen ýurdumyzyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklar öňküdenem berkedi. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Ýer ýüzünde parahatçylygy üpjün etmegiň, howpsuzlygy gazanmagyň ygtybarly usuly hökmünde öňe çykyp, ýurdumyz halkara derejesindäki belent ynamyň eýesi boldy.
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk türkmenlere asyrlar boýy mahsus bolan ýörelgelerdir. Biziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz hem şol ýörelgelerden gözbaş alyp, ol dünýäde giň goldaw tapmak bilen birlikde, ýurdumyzyň daşary syýasatyny beýleki ýurtlar üçin has düşnükli we açyk ýagdaýda aýan edýär. Milli Liderimiziň ýurdumyzyň geosyýasy, ykdysady we serişdeler mümkinçiliklerini ählumumy ösüşiň hem-de abadançylygyň bähbitlerine gönükdirýän ynsanperwer başlangyçlary netijesinde döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň ençeme düzümlerine saýlandy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň uly baýram edilip bellenilen ýylynda Türkmenistan döwletimize Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysy derejesiniň berlendiginem aýratyn bellemek gerek. Bularyň ählisi bolsa, Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň dünýä derejesinde ähmiýetli orna eýediginiň aýdyň subutnamalary bolup durýar.
2021-nji, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýynyň has-da belende galýan ýyly bolar. Adam gymmatlygyny, mertebesini ýokary derejede goýýan milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirmeklik şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy bilen utgaşar.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň döwletli tutumlary rowaçlyklara beslensin!
Nurmuhammet
Myratgeldiýew
Hazar şäher prokuraturasynyň sülçüsi,
3-nji derejeli ýurist.