22.03.2022
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!
Merkezi Aziýadan Balkan ýurtlaryna çenli ruhubelentlik ýagdaýynda bellenilýän baharyň buşlukçysy Nowruz biziň umumy gymmatlyklarymyzyň we däp-dessurlarymyzyň dowamatlylygyny alamatlandyrýar.
Biziň ýurtlarymyz gadymy medeniýetiň merkezleridir. Şolarda parahatçylyk, ynanyşmak we doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklary aýratyn ähmiýete eýedir, biziň halklarymyza ata-babalarymyzdan ruhubelentlik we ynsanperwerlik miras galdy. Olaryň esasyny bolsa agzybirlik we jebislik düzýär.
Nowruza mahsus bolan dost-doganlyk ruhunyň ählumumy möçberde häzirki döwürde ýeňil bolmadyk synaglary ýeňip geçmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.
Goý, Nowruz hemmelere parahat durmuş we bolçulyk eçilsin!
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly hem-de doganlyk türkmen halkyna bolsa öňe gidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin.
Rejep Taýyp Ärdogan,
Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti.