Haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi

24.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2022-nji ýylyň 2 — 22-nji iýuly aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 275 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligine zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna eltmek we yzyna getirmek üçin agentligiň öz serişdeleriniň hasabyna ýörite gatnawy guramak tabşyryldy.