Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty

12.11.2022

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibinde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna, şeýle hem “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” kararyň taslamasyna garaldy.

Maslahata Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldylar. 

Deputatlaryň garamagyna çykarylan resminamalar Mejlisiň ähli komitetlerinde, şeýle hem ýurdumyzyň ministrilklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Maslahatyň dowamynda parlamentariler ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikleri, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny düzmegiň esasy çemeleşmelerini hem-de ýörelgelerini, onuň girdeji bölegini döretmegiň aýratynlyklaryny we beýlekileri ara alyp maslahatlaşdylar.