KORRUPSIÝA GARŞY HEREKET ETMEGIŇ HUKUK ESASLARY

01.03.2021

Dünýä tejribesinden görnüşi ýaly, işiň, önümiň hyzmat edilişiniň hiliniň, netijede bolsa, ýurduň halkara bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygynyň düýpli peselmegine getirýän, döwlet býujetiniň we maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine iňňän ters täsir edýän korrupsiýa we parahorlyga garşy göreşiň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny goramakdan, adalatlylygy, kanunylygy, jemgyýetiň we döwletiň özara jebisligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu babatda «Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek wezipesi korrupsiýa garşy göreşmek we onuň öňüni almak boýunça kanunçylyk binýadyny, hukuk taýdan habarlylygyny kämilleşdirmek ýaly guramaçylyk-hukuk, öňüni alyş işlerini, halkara hyzmatdaşlyklaryny kämilleşdirmek boýunça guramaçylyk çärelerini öz içine alýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2005-nji ýylyň 28-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň korrupsiýa garşy konwensiýasyna goşuldy. Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşi alyp barmak «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda», «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we başga-da birnäçe hukuk namalary esasynda kadalaşdyrylýar. Elbetde, bu hukuk namalary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, halkara hukuk ýörelgelerine esaslanýar. Ýurdy ykdysady taýdan ösdürmegi göz öňünde tutýan döwlet maksatnamalaryny kanuny esasda amala aşyrmak üçin hukuk gatnaşyklaryny kesgitlemek bilen, amatly şertleri döretmek bu meselede döwrebap wezipeleriň biridir. Her bir döwletiň dünýä döwletleri bilen özara ylalaşykly we ikitaraplaýyn bähbitli aragatnaşyk etmegi üçin milli kanunçylygymyzy umumy ykrar edilen halkara kadalarynadyr ýörelgelere laýyk getirmek häzirki zamanyň talaplarynyň biridir.

Biz — prokuratura edaralarynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli adyl syýasaty netijesinde ýurdumyzda geçirilýän oňyn hukuk özgertmelerini halkyň arasynda wagyz etmekde, ilata düşündirmekde mundan beýläk-de bilimimizi, halal zähmetimizi gaýgyrman işläris.

Begenç GURBANOW,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.