
03.12.2022
Şu gün Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy.
Türkmenistanyň Baştutanynyň sport baýramçylygyna bildirýän gyzyklanmasy ýurdumyzda sporty ösdürmäge hem-de wagyz etmäge, bu ulgamda netijeli halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga neneňsi uly üns berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Bu sport baýramçylygy Ýer ýüzüniň dürli sebitlerinden futbolçulary we sportuň örän özüne çekiji bu görnüşiniň janköýerlerini bir ýere jemledi.
Döwlet Baştutanymyzyň uçary Katar Döwletiniň paýtagtyna çenli uçuşy amala aşyryp, Doha şäheriniň Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Katar Döwletiniň Döwlet ministri Şeýh Fahd bin Faýsal Al Tani hem-de türkmen Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Halifa stadionyna tarap ugrady. Stadionyň ýokary derejeli myhmanlara niýetlenen zalynda hormatly Prezidentimiziň Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen ikiçäk duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar türkmen wekiliýetiniň Katara şu saparynyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik berjekdigine berk ynam bildirdiler.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky däbe öwrülen özara düşünişmek hyzmatdaşlygynyň işjeňlik bilen ösdürilýändigini, dünýäniň geosyýasy we geoykdysady giňişliginde iki dostlukly döwletiň ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmagy hem-de hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiklerini kanagatlanma bilen bellediler.
Iki ýurduň Baştutanlary ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýdyp, bu hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiligini hem-de ony iki ýurduň bähbidine amala aşyrmaga özara taýýardyklaryny nygtadylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz stadionyň meýdançasynda şol wagt dowam edýän dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň duşuşygyna tomaşa etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow futbol oýnuna tomaşa etmegini tamamlandan soň, Halkara «Halifa» stadionyndan çykyp, Doha şäheriniň Halkara howa menziline tarap bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady.