06.03.2021
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň kanunçylyk- -hukuk binýady kämilleşdirildi. Türkmenistanyň “Bilim hakynda” Kanunynda bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklary düzgünleşdirilendir. Şu Kanunda bilim ulgamynda döwlet syýasatynyň binýatlyk ýörelgeleri, bu ulgamyň maksatlary, wezipeleri, hyzmatlary hem-de onuň işini dolandyrmagyň tertibi kesgitlenendir.
Biz şäherimizdäki bilim edaralarynda ýokarda ady agzalan Kanunyň berk berjaý edilmegine prokuror gözegçiligini amala aşyrýarys. Bu işiň bilim işgärleriniň arasynda geçirilýän düşündiriş çärelerimiz bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy ahyrky netijä oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle hem orta mekdeplerde okuwçylar bilen geçirilýän wagyz-nesihat çärelerimiz hem möhüm wezipelerimiziň biri bolup, bu meselä çynlakaý çemeleşýäris. Düzgün-tertipli bolmak, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ahlak arassalygyny üpjün etmek ýaly meselelere bagyşlanyp geçirilýän duşuşyklarymyzyň täsirli bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Bu işler geljekde-de möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galar.
Baýram Ataýew, Baýramaly şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.