Habarlar

Baş sahypa / Habarlar / Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklaryň häzirki ösüşine ýokary baha berip, iki ýurduň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine hem-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi, şeýle hem bu gatnaşyklary iki halkyň bähbidine täze sepgitlere ýetirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Pakistan Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Habarlar Awgust 13, 2023

Meňzeş habarlar