Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

05.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň kararlarynyň 10-sy kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

04.06.2026

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, olaryň işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barlan işler, harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi. Hasabatda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň guramaçylykly dowam edýändigi barada-da aýdyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

01.06.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde galla oragyna girişmek, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.

Giňişleýin
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara

29.05.2026

Hormatly halyçylar we halyşynaslar! Gadyrly myhmanlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda eziz Diýarymyzda dabaralara beslenip giňden bellenilýän hem-de milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen Türkmen halysynyň baýramy, şeýle-de bu baýram mynasybetli geçirilýän haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

28.05.2026

Hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prezidenti Il­ham Ali­ýe­we hem-de ýur­duň do­gan­lyk hal­ky­na Azer­baý­ja­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­lag­la­ry­ny iber­di.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

25.05.2026

Hormatly adamlar! Eziz watandaşlar! Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly dabaralara beslenip bellenilýän Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Watanymyzyň ak mermerli paýtagty Aşgabat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik ösüşlere beslenip, tanalmaz derejede özgerýär. Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleriniň, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň milli binagärlik ugurlary bilen utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Aşgabadyň binagärlik keşbini has-da özgertmek, şäher ilatynyň abadan durmuşy, zähmet çekmegi we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek, halkyň durmuş taýdan goraglylygyny gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, şäherde arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek biziň esasy maksadymyzdyr. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady, dolandyryş, ylmy, medeni merkezi bolan paýtagtymyzyň ähli gözellikleri, ýaşaýyş jaýlary, ajaýyp seýilgähleridir suw çüwdürimleri, kaşaň köşkleri, myhmanhanalary göwnüňi galkyndyryp, kalbyňy güneş kimin çoýýar, ruhuňy göterýär. Ak şäherimiz Aşgabat bu gün bedew batly ösüşleri, innowasion tehnologiýalar we iň gowy dünýä tejribesi ornaşdyrylan täze binalary bilen dostlugyň hem-de myhmansöýerligiň asylly däplerini aýawly saklaýan şäher hökmünde türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyny görkezýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

22.05.2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu taslamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi.

Giňişleýin
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hat iberdi

20.05.2026

  Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda özara ynanyşmak, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyk täze many-mazmun esasynda baýlaşdyrylýar. Taryhyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli ösdürilýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda geçiren ýokary derejedäki duşuşyklary hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi. Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolan hytaý wekiliýetiniň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikler, gazanylan ylalaşyklar iki ýurduň milli bähbitleriniň ählumumy ösüş maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýandygynyň aýdyň mysaly boldy.

Giňişleýin
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

18.05.2026

Eziz watandaşlar! Hormatly adamlar! Sizi milli döwletliligimiziň we bitewüligimiziň mukaddes nyşanlary bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň, jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli mukaddesliklerimizdir.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

15.05.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, “Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda”, “Administratiw önümçilik hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär. Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, bu baýram mynasybetli “Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

11.05.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary tamamlandy

09.05.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, paýtagtymyza ugramak üçin Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary

08.05.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşy şäherindäki “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan “Gadamly” gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Türkmenbaşy şäherine tarap ugrady. Biraz wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyz mähirli garşylanyldy.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

06.05.2026

  Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

04.05.2026

  Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu ýyl sebitde bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Welaýatda pile möwsümini guramaçylykly geçirmek we bu ugurda bellenen meýilnama üstünlikli amal etmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Giňişleýin