Habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
05.06.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň E.Orazgeldiýew hakynda Permany
Orazgeldiýew Esenmyrady, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ç.B.Gylyjow hakynda Permany
Gylyjow Çary Baýramowiçi, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň B.S.Arazow hakynda Permany
Arazow Begmyrat Saparowiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 4-nji iýuny.
* * *
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi
04.06.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol şu ýylyň başyndan bäri milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Mejlisiň iki maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si hem-de Mejlisiň kararlarynyň 15-si kabul edildi. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda dürli ulgamlaryň we pudaklaryň işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça işler dowam edýär.
Halkara we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Mejlisiň deputatlary kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek meseleleri babatda halkara guramalar bilen duşuşyklaryň ençemesine gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hem-de hormatly Prezidentimiziň goldaw bermeginde Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçirildi.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýanwar — maý aýlarynda amala aşyrylan toplumlaýyn işler barada maglumat berdi.
Halk Maslahatynda we Mejlisde döredilen iş toparlary sebitleri ösdürmäge, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, notarial we salgyt düzümleriniň işini kämilleşdirmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen kanunlaryň taslamalaryny seljerýärler hem-de ara alyp maslahatlaşýarlar. Halk Maslahatynyň iki mejlisinde kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan makullanyldy we kabul edildi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralan welosipedli ýörişe gatnaşdy
03.06.2022
Şu gün, asylly däbe görä, ýurdumyzda Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun eýeleýän bu halkara baýrama gabatlanyp, köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda degişli Kararnama kabul edildi we dünýäniň 56 döwleti onuň awtordaşy bolup çykyş etdi. Ynsan saglygy, raýdaşlyk, dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklaryna hem-de belent ynsanperwer taglymlara ygrarlylygy alamatlandyrýan bu senäniň döredilmegi parahatçylygyň ilçisi hökmünde sporty giňden wagyz etmek, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň teklibi boýunça “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini hem ýatladýarys. Onuň awtordaşlary bolup 62 döwlet çykyş etdi. Bularyň ählisi dünýä bileleşigi tarapyndan Watanymyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketiniň ösdürilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň kämilleşdirilmegine, milli, sebit hem-de ählumumy derejede Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşandynyň ykrarnamasynyň aýdyň subutnamasydyr.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary tamamlandy
02.06.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn döwlet Baştutanymyz mukaddes Mekge şäherine — Muhammet pygamberiň Watanyna umra hajyna barýan ähli zyýaratçylaryň berjaý etmeli dessurlaryny ýerine ýetirdi. Şu ýerde ýene-de bir möhüm wakany belläp geçmek ýerlikli bolar. Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede, Arkadagly Serdarymyzyň zyýaraty wagtynda mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin örän seýrek mümkinçilik döredildi. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy.
Halkymyzyň taryhynda şeýle aýratyn mümkinçilik ilkinji gezek 2016-njy ýylyň maý aýynda hajy Arkadagymyzyň mukaddes Käbä zyýaraty wagtynda döredildi. Häzirki waka bolsa Saud Arabystany Patyşalygynda türkmen halkyna, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimize, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilýän çuňňur hormat-sarpanyň nobatdaky güwäsi boldy.
Irden hormatly Prezidentimiz Mekgeden Jidda şäherine geldi. Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzyň uçary musulmanlar üçin ähmiýeti boýunça ikinji şähere — Medinä ugrady.
Muhammet pygamber biziň eýýamymyzyň 622-nji ýylynda Mekgeden hijret edenden, ýagny göçenden soňra, Medinede ýaşaýar we yslam dinini wagyz edýär. Musulmanlaryň hijri ýyl hasaby hem öz gözbaşyny şol seneden alyp gaýdýar. Bu ýerde pygamberimiz öz sahabalaryny daşyna jemläp, sekiz ýyldan soňra, ýeňiş bilen ýene Mekgä dolanyp barýar. Medine şäheri adamzat taryhynda ilkinji musulman döwletiniň paýtagty bolup, yslam dini bu ýerden tutuş dünýä ýaýraýar.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow umra hajyny berjaý edýär
01.06.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy bellärliklidir.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri ugratdylar. Olar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ak ýol arzuw edip, Muhammet pygamberiň Watanynda etjek zyýaratynyň kabul bolmagyny dilediler.
Bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi Beýik Biribardan ýurdumyzyň wekiliýetiniň ýolunyň ak, işleriniň rowaç, hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlaryny nazarlaýan tutumlarynyň şowly, doga-dilegleriniň kabul bolmagyny dileg etdi.
Arkadagly Serdarymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli.
...Hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, döwlet Baştutanymyz uçara mündi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
31.05.2022
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy hem-de düzgün-tertibi saklamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurdumyzda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşuny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi. Şeýle-de ugurdaş okuw mekdepleriň ýaş harby talyplarynyň hem-de harby gullugy geçýän esgerleriň arasynda watançylyk-terbiýeçilik işlerini guramagyň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
30.05.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, öňde boljak şanly senelere ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, galla oragyna guramaçylykly girişmek, şol bir wagtyň özünde gowaça agrotehniki kadalara laýyklykda ideg işlerini geçirmek we sebitiň durmuş düzümini kämilleşdirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümleriň bolçulygyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi. Pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.
Şeýle hem häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynda kesgitlenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, medeni-durmuş we önümçilik maksatly binalaryň hem-de inženerçilik ulgamyna degişli desgalaryň gurluşyklarynyň depginini güýçlendirmek we olary bellenilen möhletinde tamamlamak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.
Öňde boljak şanly senelere medeni-köpçülikleýin çäreleri taýýarlamak barada maglumat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gallaçy daýhanlaryň durmuşynda möhüm möwsüm bolan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary hilli hem-de gysga wagtda tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmek, zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak meselelerine agrotehniki kadalara laýyklykda çemeleşilmelidir.
Döwlet Baştutanymyz sebitiň ýeralma, gök we bakja ekinleri ösdürilip ýetişdirilýän meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň geljekki bol hasylyň kepilidigini belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri talabalaýyk ýola goýmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary
30.05.2022
Ussat halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni mirasyny, ruhy-medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny dikeltmek, gorap saklamak, ösdürmek, wagyz etmek we ony geljekki nesillerimize geçirmek ugrunda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň netijesinde türkmen medeniýeti we sungaty dünýä derejesinde dabaralanýar. Köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, nesillerimize arkama-arka geçip gelýän milli el işlerimiz, halylarymyz, keçelerimiz, nepis keşdelerimiz ajaýyp sungat eserleri hökmünde dünýä ýaýylýar.
Häzirki wagtda türkmen halylarynyň gadymdan gelýän nusgalaryny aýawly saklamak, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli halyçylyk sungatyna bagyşlanan «Janly rowaýat» we «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserleri Ýer ýüzünde el halylarynyň şöhratyny has-da belende galdyryp, halyçylar üçin egsilmez ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Türkmen halysy halkara sergilerde ençeme gezek görkezilip, dünýäniň görnükli muzeýleriniň törüniň bezegine öwrüldi. Bu günki gün ajaýyp haly gölleri Döwlet tugumyzy we Döwlet tugramyzy bezeýär. «Altyn asyr» halysy elde dokalan halylaryň dünýäde iň ulusy hökmünde ykrar edilip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
Giňişleýin
Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda täze hassahanalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
27.05.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna dowam edýän toý saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde bina edilen lukmançylyk desgalarynyň ikisiniň — köpugurly we onkologiýa hassahanalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar esasynda alnyp barylýan durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamalarynyň möhüm ugurlary Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr.
Döwrüň talaplaryna kybap gelýän, dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen üpjün edilen iri lukmançylyk merkezleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Olar paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, hatda iň alys künjeklerinde-de guruldy we gurulýar. Munuň özi ýokary derejeli lukmançylyk kömegini gönüden-göni ýerinde bermäge mümkinçilik döredip, adamyň ömür dowamlylygynyň artmagyna ýardam berýär. Bularyň ählisi soňky ýyllarda ýurdumyzda halkyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmek babatda uly üstünlikleriň gazanylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Bu ugurda alnyp barylýan maksada gönükdirilen işler dünýä jemgyýetçiliginiň we abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň — Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we beýleki düzümleriň giň goldawyna mynasyp boldy. Olar bilen ýurdumyz işjeň, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
26.05.2022
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan” ugur alyp, Býujet kodeksine laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi:
— Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we «Türkmenistanyň maýa goýum Maksatnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak işlerini guramaga we olary 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine bermäge;
— ýokarda görkezilen taslamalary düzmek üçin hasaplama görnüşlerini we usulyýet görkezmelerini ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyna çenli ibermäge;
— bu taslamalary taýýarlamak üçin hünärmenlerden ybarat iş toparyny döretmäge we onuň işini netijeli guramaga borçly edildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
26.05.2022
Daşoguz welaýatyna toý sapary bilen gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň demirgazyk sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Muhammedow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda, geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmegiň Prezident maksatnamasyny taýýarlamagyň çäklerinde Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça teklipler barada hasabat berdi.
Bu strategik meýilnamanyň çäklerinde geljek ýyllarda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda senagat toplumynyň ähli ulgamlaryna iri maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna gaz-himiýa, energetika, ýeňil senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitiň ykdysadyýetine innowasion we sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak, welaýatyň çäginde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen oba hojalygy we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, azyk önümleriniň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hataryndadyr.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewür toparlarynyň wekillerini kabul etdi
24.05.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty hem-de “Niсklaus Сompanies” kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory we direktorlar geňeşiniň agzasy Jon Rizi kabul etdi.
Işewürler döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyklaryny beýan edip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Prezident saýlawlaryndaky ynamly ýeňşi bilen gutladylar hem-de iň ýokary döwlet wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler. Myhmanlar amerikan işewürleriniň giň möçberli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy maksadynyň deňhukukly esasda ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda ABŞ-nyň iri kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdygyny belledi. Iň gowy dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň çekmegiň hasabyna ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek strategiýasyny amala aşyrýan Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. ABŞ-nyň işewür toparlarynyň türkmen bazarynda orunlaryny pugtalandyrmak üçin edýän tagallalaryny goldaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
23.05.2022
Halkymyzyň milli buýsanjy bolan meşhur ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň maý aýynda başlamak we monumenti 2022-nji ýylyň dekabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.05.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, häkim ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdy.
Şeýle hem welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.
Hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.
Häkim welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilişine, ekinleriň mineral dökünler bilen üpjün edilişine, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleriň ulanylyşyna uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.
Giňişleýin
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
20.05.2022
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi we söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň käbir meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň mähirli salamyny ýetirdi. Ol döwlet Baştutanymyza ýurdumyzy okgunly ösdürmäge gönükdirilen döwlet işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we halkyna bagt hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi. Garaşsyz Türkmenistan Gazagystan bilen däp bolan hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda bolsa, iri halkara guramalarynyň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar.
Duşuşykda şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyny belleýän biziň ýurtlarymyzyň geçen ýyllaryň dowamynda nusgalyk döwletara hyzmatdaşlygyny ýola goýandygy nygtaldy. Söhbetdeşler özara gyzyklanmany nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygy bilen baglylykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli türkmen-gazak gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdiler.
Giňişleýin