Çagalygyň goragynda

29.12.2020

Milli Liderimiziň tagallalary bilen durmuşa geçi­rilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasy her bir raýa­tyň, şol sanda ýaşlaryň sagdyn bedenli bolmaklary üçin ähli şertleri üpjün edýär.

Häzirki döwürde dünýäde we sebitde durnuk­syz epidemiologik ýagdaýlaryň dowam edýändigini nazarda tutup, ýiti ýokanç keseliň biziň ýurdumyza aralaşmagynyň öňüni almak maksady bilen anyk çä­reler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň umumy bilim berýän orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bol­ýar. Has takygy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde zyýansyzlandyryş çäreleri alnyp barylýar we şolara laýyklykda utgaşdyrylan işler ge­çirilýär.

Bilim ojaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly aja­ýyp eserinde öz beýanyny tapan, müň bir derdiň der­many bolan üzärlik gündelik ulanylýar.

Çaga keselleriniň öňüni almak, duýdurmak, ola­ryň arasynda ýüze çykýan keselleri öz wagtynda bejermek, zerur bolan derman serişdeleriniň üpjün edilmegi bilen bagly ýüze çykyp biljek kanun bozul­malaryň öňüni almak, kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça ýurdumyzyň prokuratura edaralary tarapyndan de­gişli işler alnyp barylýar.

Çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanu­ny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet sy­ýasatynyň durmuşa geçirilmegi, hukuk, durmuş, yk­dysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän täze kanunlaryň kabul edilmegi we olary milli ýörelgelere, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmegi raýatlaryň hukuklarynyň pugta goragly­lygyny üpjün etmekde möhümdir.

Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, sport bilen meşgullan­maklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-­ýurt bähbitli işleri ro­waçlyklara beslensin.

 

Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Akdepe etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi.