02.11.2026
Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy oktýabr aýynyň başynda halkara duşuşyklaryň, giň möçberli forumlaryň we taryhy ähmiýetli maslahatlaryň esasy meýdançasyna öwrüldi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, Hazar ekologiýa sammiti hem-de onlarça tematik çäreler sebitara we halkara hyzmatdaşlykda täze sahypany açdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda: «Biziň umumy ruhy we medeni ýakynlygymyzy pugtalandyrmak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda boldy we şeýle bolmagynda galýar» diýip belläp geçdi.
Medeni-ruhy arabaglanyşygyň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew öz çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Fizuli şäherinde metjidiň gurulýandygyny aýratyn belledi. Bu bina doganlyk türkmen halkynyň Azerbaýjan halkyna bolan çuňňur hormatynyň, ruhy ýakynlygynyň we sarsmaz dostlugynyň aýdyň nyşany hökmünde taryha girer.
Forumyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de baýlaşdyrmak we ulgamlaşdyrmak maksady bilen birnäçe möhüm ugurlara ünsi çekdi. Olaryň hatarynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek üçin medeniýet, bilim, ylym we sport ulgamlarynda altytaraplaýyn mehanizmleri döretmek we uzak möhletleýin mazmunly meýilnamalary işläp taýýarlamak teklip edildi. Şeýle hem halklaryň arasyndaky siwilizasion dialogy giňeltmek, ýaşlaryň arasynda bilim-medeni alyş-çalyşlary köpeltmek hem-de sebitara syýahatçylygy ösdürmek arkaly medeni diplomatiýanyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak bellenildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen çäreler medeniýetiň diňe bir taryhy miras däl-de, eýsem, häzirki zaman diplomatiýasynda döwletleri birleşdiriji, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyryjy kuwwatly guraldygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Kerimberdi Mämmetnurow, Garaşsyzlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.