KANUNÇYLYK BINÝADY BERKIDILÝÄR

18.09.2023

«Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alypbarşy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny jemgyýetde durnuklylygy we howpsuzlygy ygtybarly üpjün etmekde, döwleti dolandyrmakda demokratik başlangyçlary, aýanlygy we gözegçiligi giňeltmekde, ilatyň döwlete we onuň düzümgurluşlaryna bolan ynamyny berkitmekde, işini ýokary derejede bilýän hünärmenleri döwlet gullugyna girmäge höweslendirmekde, döwlet gullukçylarynyň halallygynyň kepilliklerini berkitmekde uly ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň bu kanunynyň maksatlary döwlet gullukçylarynyň hünär işlerini amala aşyrmaklary üçin olaryň umumy etiki kadalaryny we özüni alypbarşynyň düzgünlerini bellemekden, şeýle hem döwlet gullukçysynyň abraýynyň, raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmekden we döwlet gullukçylarynyň özüni alyp barşynyň ahlak-kada esaslarynyň bütewüligini üpjün etmekden ybaratdyr. Bu kanun döwlet gullukçysynyň amala aşyrýan hünär işine ähli güýjüni, bilimini we tejribesini ulanmagyny, Watanyna, halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine halal gulluk etmegini, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanun döwlet gullugy çygrynda ýokary ahlak ýörelgeleriniň emele getirilmegi, jemgyýetçilik aňynda döwlet gullugyna hormat bilen garalmagy üçin esas bolup hyzmat edýär hem-de döwlet gullukçylarynyň jemgyýetçilik aňyny we ahlagyny, olaryň öz-özlerine gözegçilik etmeklerini üpjün edýär.

Ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylygyň düýp mazmunyny raýatlara düşündirmek, ony wagyz-nesihat etmek biz — prokuratura işgärleriniň esasy borjumyz bolup durýar. Şu nukdaýnazardan uguralyp, welaýat prokuraturasy tarapyndan welaýatyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, orta mekdeplerinde yzy giderli düşündiriş we wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Biz — prokuratura işgärleri hormatly Prezidentimiziň edýän tagallalaryndan ugur alyp, raýatlarymyzyň hukuk düşünjeliligini artdyrmakda, olaryň özhukuklaryna we borçlaryna doly düşünmeklerini gazanmakda alyp barýan işlerimizi has-da güýçlendireris. Çünki hormatly Prezidentimiziň raýatlarymyzbarada edýän aladalary biziň üçin nusgalyk göreldedir. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri rowaç alsyn!

Bilbil Saparowa, Daşoguz welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.