29.12.2020
Ýurdumyzyň prokuratura edaralarynyň ygtyýarlyklary we wezipeleri Esasy Kanunymyzdan gözbaş alýar. Onuň VI bölümi «Prokuratura» diýlip atlandyrylyp, degişli maddalarda prokuror gözegçiliginiň esasy ugurlary kesgitlenýär, ýagny Konstitusiýa laýyklykda, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Milli Geňeşiň palatalarynyň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň Baş prokurorynyň hem-de oňa tabyn prokurorlaryň üstüne ýüklenýär. Prokuratura edaralarynyň işiniň guramaçylyk, hukuk esaslaryny kesgitleýän «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Kanunyň döwrüň talaplaryna laýyklykda, üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip rejelenmegi, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karary bilen «Türkmenistanyň Baş prokuraturasy hakynda» Düzgünnamanyň tassyklanmagy ulgamyň işiniň hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda kanunçylygy berkarar etmek ugrunda iş alyp barýan bu edaranyň raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, döwletiň hem jemgyýetiň kanun tarapyndan goralýan bähbitlerini üpjün etmek ugrunda alyp barýan işlerinde aýanlyk ýörelgelerini berjaý etmek maksady bilen, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyn aragatnaşyk saklanýar.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 2017-nji ýylyň 18-nji martyndaky Karary bilen «Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017 - 2021-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek üçin ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Häzirki wagtda prokuratura işgärleri Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi bilen häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleriniň, kompýuter we beýleki tehniki enjamlaryň, elektron resminama dolanyşygynyň, täze awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamynyň ornaşdyrylmagy işiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ulanylýan maglumatlaryň howpsuzlygyna, işgärleriň takyk we dessin maglumatlar bilen üpjün edilmegine ýardam edýär.
Elektron resminamalar dolanyşygyna geçmek bilen, prokuratura edaralarynyň maglumatlarynyň bitewi goruny döretmek, ähli kompýuterleri tor arkaly özara baglanyşdyrmak, her bir düzüm birliginiň işi baradaky maglumatlary toplamak we täzeden işlemek ulgamyň işiniň kämilleşdirilmegine uly ýardam eder we zerur maglumaty dessine almaga mümkinçilik döreder.
Prokuratura edaralarynyň her bir düzüm birliginde Türkmenistanyň hukuk namalarynyň tutuş toplumyny özünde jemleýän hukukmaglumat binýadynyň döredilmeginiň hasabyna täze kabul edilýän kanunlaryň we hukuk namalarynyň, iş gollanmalarynyň hemişe elýeterli bolmagy ulgamyň işini kämilleşdirmäge we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga öz täsirini ýetirýär.
Prokuratura işgärleri jogapkärçiligi has uly işiniň daşyndan ajaýyp döwrümiziň ösüşözgerişleriniň waspyny söýleýän jemgyýetçilik durmuşynyň çärelerinede gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny ýaýýarlar. Olaryň birnäçesi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Baş prokuraturanyň «Kanun» aýdym saz toparyda şowly çykyşlary bilen bu bäsleşikde üstünlik gazandy. Hukuk goraýjy işgärlerimiz Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň degişli düzümler bilen bilelikde geçirýän ylmy işler, şeýle-de Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny almak ugrundaky bäsleşikleriniň hem ýeňijisi boldular. Ýazyjy-şahyrlaryň arasynda geçirilen «Türkmen sährasyna çyksaň seýrana», «Arkadagyň adalaty», «Parahatçylygyň ilçisi» atly bäsleşiklerde hem prokuratura edaralaryň zehinleri öňe saýlanmak bilen, hukuk goraýjy edaralaryň abraýyna abraý goşmagy başardylar.
Adam hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugruna öwrüp, ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa göterýän, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak, işgärleriň ýaşaýyşdurmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda bimöçber aladalar edýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun! Türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwri dowamat-dowam bolsun!
Nurjemal BAÝRAMOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 2-nji derejeli ýurist.