ÄNEW ME­DE­NI­ÝE­TI — GADYMY TARYH

26.04.2024

Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri , Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­tynyň Baş­ly­gy  Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­langyç­la­ry bi­len türk­men hal­ky­nyň ösen ga­dy­my me­de­ni­ýe­ti, maddy gym­mat­lyk­la­ry tä­ze mazmu­na eýe bol­dy. Hal­ky­my­zyň ir­ki dö­wür­ler­den göz­baş alyp gaýd­ýan ta­ry­hy­nyň do­wa­mynda top­lan tej­ri­be­si­ni, ne­sil­le­re gal­dy­ran aja­ýyp mad­dy we me­de­ni mi­ra­sy­ny, ru­hy gym­mat­lyk­la­ry­ny, hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da çuň we hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­ren­mek hem-de ola­ry hal­ka ýe­tir­mek örän wa­jyp me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýylda «Tür­ki dün­ýäsi­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­mak­da wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu çöz­güt tür­ki dün­ýäsiniň 2022-nji ýyl­da me­de­ni paý­tag­ty bo­lan Bur­sa şä­he­rin­de ge­çi­ri­len TÜRK­SOÝ-nyň me­de­ni­ýet mi­nistr­le­ri­niň he­mi­şe­lik ge­ňe­şi­niň 39-njy mej­li­sin­de ka­bul edi­lip­di. «Tür­ki dün­ýäsi­niň me­de­ni paý­tag­ty» at­ly tas­la­ma tür­ki halk­la­ryň me­de­ni­ýe­ti­niň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni äş­gär edip, ola­ryň mi­ra­sy­na ün­si çek­mek­den yba­rat­dyr. Bu tas­la­ma bo­ýun­ça her ýyl­da tür­ki dil­li döw­let­le­riň dür­li şä­her­le­rin­de dö­re­di­ji­lik­li müm­kin­çi­lik­le­ri jem­läp, şo­nuň esa­syn­da dür­li gör­nüş­dä­ki tä­sir­li me­de­ni-yn­san­per­wer çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň tab­şy­ry­gy esa­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dünýäsi­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki çä­re­le­ri ge­çir­mä­ge taý­ýar­lyk gö­rül­ýär. Ge­çiril­jek me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri ga­dy­my Änew şä­he­ri­niň adam­zat me­de­ni­ýe­ti­niň gül­läp ösen mer­kez­le­ri­niň bi­ri bo­lan­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la açyp gör­kez­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Bu şä­her di­ňe bir hä­zir­ki dö­wür­de däl, asyr­la­ryň do­wa­myn­da hem dün­ýä­niň yl­my jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ün­sü­ni özü­ne çe­kip ge­lip­dir we ir dö­wür­ler­den bä­ri dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne my­na­syp go­şant go­şup­dyr. Alym­lar Änew me­de­ni­ýe­ti­niň bi­ziň era­myz­dan öň­ki V müň­ýylly­ga de­giş­li­di­gi­ni nyg­ta­ýar­lar. Olar, aý­ra­tyn-da, ta­ry­hy ta­pyn­dylar­da duş gel­ýän na­gyş­la­ryň has ga­dy­my dö­wür­le­re de­giş­li­di­gi­ni gör­kez­ýän ala­mat­dy­gy­ny mä­lim ed­ýär­ler. Şeý­le mag­lu­mat­lar dün­ýä alym­la­ry­nyň ün­sü­ni Türk­me­nis­tan­da­ky ta­ry­hy ýa­dy­gärlik­le­re gö­nük­dir­me­gi hal­ky­my­zyň dün­ýä­niň has ir­ki dö­wür­le­re de­giş­li halk­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýan­dy­gy­ny ýe­ne bir ýo­la su­but ed­ýär. Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­siniň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi bol­sa bu yna­my has-da ber­kit­mä­ge, Türk­me­nis­ta­na dün­ýä halk­la­ry­nyň gy­zyk­lan­ma­sy­ny art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­der.

 

Şöhrat Tuwakow, Bäherden etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.