12.07.2024
Türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän kämil ýörelgeleri bar. Ynsanperwer lik, haýyr-sahawat, ejizi goldamak ýaly asylly ugurlary özünde jemleýän şol ýörelgeler halkymyzyň millet hökmünde kämilleşmeginde, jemgyýetde jebisligiň pugtalanmagynda mynasyp orun eýeläpdir.
Ýakynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda geçiren iş maslahatynda türkmen halkyna mahsus ýagşy dessurlary baş ýörelge edinýän haýyr-sahawat gaznasynyň işini mundan beýläkde pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berilmelidigini belledi.
«Ejizi goldamak, mätäje hemaýat etmek pederlerimiziň iň naýbaşy adamkärçilik pentleriniň we däpleriniň biridir» diýýän Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyrsahawat gaznasyny döretmek hakynda taryhy Karara gol çeken pursatlaryndan bäri ýaňy üç ýylyň geçendigine garamazdan, bu gaznanyň serişdeleriniň hasabyna edilen haýyr-sahawat işleri türkmen ynsanperwerliginiň belent nusgasyny diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, halkara derejesinde ýaýbaňlandyrdy. Gazna ýurdumyzda we halkara derejede ene-atasynyň howandarlygyndan galan we maýyplygy bolan çagalary goldamak boýunça üstünlikli işleri alyp barýan düzümleriň birine öwrüldi.
Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly asylly ýörelgeler esasynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalýar.
Gaznanyň döredilmegi ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine şahsy goşant goşmaga mümkinçilik berdi. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza ruhlandyryjy şahsy görelde görkezýändigi bellenilmäge mynasyp. Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdelerinden çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenmegi, howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär. Şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlar da terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär. Gazna tarapyndan Türkmenistanyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine ýörite enjamlar toplumy bilen üpjün edilen täze «Tiz kömek» awtoulaglaryny bölüp bermek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi parahat döwletimizi bagtyýar çagalygyň ýurduna öwürmek ugrundaky asylly başlangyçlardyr.
Gaznanyň halkara derejede alyp barýan ynsanperwer işleri doganlyk hem dostlukly ýurtlarda uly goldaw tapýar we onuň alyp barýan haýyr-sahawat işi barada gyzyklanmalary artdyrýar. Doganlyk ýurtlaryň çagalaryna ynsanperwerlik kömekleriniň iberilmegi ýurdumyzyň, hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer başlangyçlarynyň ajaýyp miwesi bolup, kalplary nurlandyrýar.
Didar Orazow, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýa nyň kiçi geňeşçisi