BEÝIKLIGE SARPA

18.07.2024

Şahyryň erkin, asuda, binýady berk döwleti gurmak baradaky islegleri ýurdumyzyň Konstitusiýasynda hukuk taýdan berkidildi. Dana Pyragynyň agzybirlik, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşamak, parahatçy ly gy saklamak baradaky ündewleri Garaşsyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esa sy ugry hökmünde kabul edildi. Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenis tan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýle ki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam etmek ýörelgelerine eýerýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdylmagy Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde dost-doganlygyň dabaralanýandygynyň ýene bir aýdyň nyşanydyr. Dünýä belli akyldarlaryň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi seýilgäh toplumynyň binagärliginiň aýratyn täsin bölegini emele getirýär. Olaryň hormatyna oturdylan ýadygärlikler dost-doganlygy, halklaryň hoşniýetli goňşuçylygyny alamatlandyrýar. Bu ýörelgeleri Magtymguly Pyragy öz gymmatly eserlerinde ündäpdir.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi dana Pyragynyň sarpasyny belende göterip, toýly ýylyň şanyna şan goşdy. Kanunda bu ýubileý medaly Türkmenistanyň milli medeniýetini ösdürmäge uly goşant goşýan ylmy barlaglary, türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlary bilen birlikde, ýurdumyz bilen medeni hem-de dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde we wagyz etmekde uly işleri bitiren daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hem sylaglanyp bilinýändigi baradaky kadalaryň berkidilmegi daşary ýurt döwletleri bilen medeni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda wajyp ähmiýete eýedir.

Goý, türkmeniň şöhratly taryhynda uly yz goýan şahsyýetlerimiziň sarpasyny belentde tutýan Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Maksat Kulyýew, Aşgabat şäheriniň prokuraturasynyň ulaglarda kanun laryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölüminiň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.