Raýatlaryň bähbitlerini kepillendirýän kanunçylyk

26.07.2024

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Türkmenistan Watanymyzda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, kanunçylyk binýadyny özgertmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň hem kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksi munuň aýdyň subutnamasy hökmünde öňe çykyp, ol raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmaga we ýaşaýyş jaý bazaryny emele getirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namasydyr.

Ýurdumyzyň raýatlaryny amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek we ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi hem-de kanunda kesgitlenen esaslar bolmasa, olaryň ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmezligi barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

«Biziň ykdysady syýasatymyzyň baş maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny yzygiderli gowulandyrmakdan ybaratdyr» diýip nygtamak bilen, raýatlarymyzyň bagtyýar hem eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumlary rowaç bolsun!

Tuwakmämmet Tukiýew, welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.