Sagdynlygyň sakasy

01.08.2024

Hormatly Prezidentimiziň baş tutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelerini Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygynyň halkara ekologiýa hukuk kadalary bilen sazlaşyklylykda yzygiderli kämilleşmeginde hem görmek bolýar. Munuň özi daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň hem-de howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde wajyp wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Ata Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň, 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilip geçilmegi örän ähmiýetlidir. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda hem bu halkara ekologiýa seneleri uludan bellenilip geçilýär.

Tebigaty goramagyň wajyplygy adam hukuklarynyň taryhy tejribä esaslanýan ählumumy ykrar edilen syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň milli kanunçylyga ornaşdyrylmagy bilen birlikde, adamyň amatly daşky gurşawa, howa, azyk we beýleki ýaşaýyş durmuşynda zerur bolan önümleriň arassalygyna, suwa bolan elýeterlilige, ekologiýa taýdan howpsuz gurşawa bolan hukugynyň kanuny kepillikleriniň we guramaçylyk üpjünçiliginiň hem wajyp ähmiýetini ýüze çykarýar.

Häzire çenli ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna goşuldy. Munuň özi bellenilip geçilen ugurlarda milli, sebit we halkara derejede netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin berk hukuk binýadynyň döredilmegine ýardam edýär. Türkmenistan soňky ýyllarda daşky gurşawy goramak, ýer we suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak hem-de bu babatda dünýäniň halkara bileleşikleri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barmak ugrunda täze kanunlaryň onlarçasyny kabul etdi. Olardan «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Galyndylar hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny bellemek bolar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan ekologiýa maksatnamasynyň düýp özeni jemgyýetiň we daşky gurşawyň ösüşiniň sazlaşygyny üpjün etmekden, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmekden ybarat bolup, munuň özi Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň düzüm bölegi hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy netijeli durmuşa geçirilýär.     Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, gözelligiň gönezligi bolan türkmen tebigatyny gorap saklamakda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Ejebaý Atabaýewa, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.