EZIZ DIÝARYMYZ — MUKADDES SEŽDEGÄHIMIZ

21.08.2024

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde Watan gullukçylarynyň arasynda ýaşlaryň watanperwerlik terbiýesini yzygiderli ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri kämil derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekýär. Watana gulluk etmegiň, ony jandan eziz görüp goramagyň we ýurdumyzy gülledip ösdürmek üçin hyzmat etmegiň her bir ynsanyň ömrüniň manysy, mertebeli ýaşaýşynyň özeni, maksat-myrady bolup durýandygyny pent-nesihat edýär. Çünki Watan ogullarynyň — merdana, batyr gerçekleriň watanperwerlik duýgusy her gysym topragyň keramatdygyna uýmakdan, şöhratly geçmişimize, öý-ojagyň mu kaddesligine, il-ulsuň, ata-babalaryň çuňňur pähimine hormat-sarpa goýmagy başarmakdan başlanýar. Şöhratly geçmişine sarpa goýýan nesil şu günüň bagtyýarlygyna guwanyp, geljegiň röwşendigine ynanyp, eziz topragyna söýenip ýaşaýar.

Biziň Watana bolan söýgimiz ata-babalarymyzyň nesilleriň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin görkezen gahrymançylyklarynyň üstümizde ganat gerýän ölmez-ýitmez ruhlary bilen utgaşýar, bir bitewi güýje öwrülýär. Ynsan geçmişiniň beýikligini, köki-damarynyň çuňlugyny, köňlüniň rahatlygyny, şu gününiň bagtyýarlygyny, sarsmaz-synmaz rysgal-döwletliligini diňe öz Watanynyň goýnunda görýär. Göbek ganymyz daman Watan topragy, ony goramak, özgertmek üçin halal zähmet çekip, döken alyn derimiz biziň üçin iň gymmatly mertebedir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz baglanyşygynyň mizemezligini, ynsanperwerligiň beýik gymmatlyklaryny, parahatçylyk we döredijilik ýörelgelerine ygrarlylygy Watana wepalylygyň beýik ruhunda görýär. Döwür bilen deň gadam basýan, gün-günden däl-de, sagatsaýyn ösýän ata Watanymyz biziň her birimiziň köňül buýsanjymyz, başymyzyň täji. Watan — bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk. Şol gymmatlyga düşünmek, ony goramak, söýmek, onuň ösüşlerine öz goşandyňy goşmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyz. Gahryman Arkadagymyz ata Watana bolan söýgini «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda şeýle beýan edýär: «Iň gowy asylly ýörelgeler Watanyň beýgelmeginiň hatyrasyna amal edilýändir. Watanyň goragy bolsa mukaddesligiň goragydyr. Watana söýgi daglarymyzdaky çeşme-çaýlaryň tereňligidir, Asmanyň hem Zeminiň, deňzimiziň mawy giňişliginiň asudalygydyr. Bularyň barysy Watandyr, elýetmez gymmatlyklarymyzdyr». Özüniň şahsy göreldesi bilen Watany söýmegi, pederlerimiziň ebedi mirasyna, şanly taryhymyza hormat-sarpa goýmagy, iýen duzuňy halallap, Watanyň gülläp ösmegi, özgermegi üçin dünýäde iň eziz zadyňy — şirin janyňy, ýüregiňi, kalbyňy, ömrüňi, gujur-gaýratyňy bagyş etmegi öwredýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun!

Kakageldi GELDIÝEW, Daşoguz şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.