ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄN TUTUMLAR

04.09.2024

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasaty ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edip, halkara abraýyny has-da belende göterýär. Durmuşymyzyň ähli ugurlary uly üstünlik­lere beslenýär. «Açyk gapylar» syýasaty esasynda dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze ösüşlere beslese, amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

«Halkyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy hakyndaky alada döwlet syýasatymyzda hemişe öňe sürýän baş maksadymyzdyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Diňe bir «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda amala aşyrylýan işleriň, gurlup ulanmaga berilýän önümçilik hem-de medeni-durmuş maksatly desgalaryň mysalynda-da muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şonuň bilen birlikde-de, maýa goýum işjeňliginiň kämilleşdirilmegi, ähli pudaklaryň has ýokary tehnologik ösüş derejesine geçmegi üçin oňaýly şertleriň döredilmegi berkarar Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň has-da gowulanmagyny üpjün edýär.

Hawa, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda durmuşa geçirilýän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasat Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Amala aşyrylýan giň möçberli işler ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň kalbyny çäksiz buýsanja besleýär. Şonuň üçinem şeýle bagty peşgeş beren Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize il alkyşy egsilmezdir.

Babahan Ba­tyrow, Esenguly etrabynyň prokuraturasynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist