SPORT: PARAHATÇYLYGY, DOSTLUGY ÖSDÜRMEGIŇ TÄZE MÜMKINÇILIKLERI

08.09.2024

Halkymyzyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy döwletimiziň rowaçlygynyň we okgunly ösüşiniň girewidir. Hut şundan ugur alnyp, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegi netijesinde, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek milli taglymata, adamlary birleşdirýän hem-de Watanymyzyň okgunly ösüşine ýardam berýän kuwwatly, jebisleşdiriji güýje öwrüldi.

Demokratik we hukuk döwletimizde ýurdumyzyň parahatçylygyny, halkymyzyň asuda, bolelin durmuşyny, adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygyny üpjün etmek ugrunda ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasyna laýyklykda, döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň esasy ýörelgelerinden ugur alnyp, «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi we döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ýurdumyzda guralýan giň gerimli sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagynda uly ähmiýete eýedir. Döwletiň abraýy hem-de onuň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky orny birnäçe ýagdaýlar bilen kesgitlenilýär. Türkmenistan öz daşary syýasat strategiýasynda parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde berkitmek bilen, ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji maýynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýip yglan etmek baradaky Çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem Türkmenistanyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine uly goşant goşýandygynyň, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändiginiň subutnamasydyr.

Ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda 26-njy iýul — 11-nji awgust aralygynda Fransiýanyň paýtagty Parižde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy. Her dört ýyldan bir gezek guralýan bu giň gerimli sport ýaryşlary Ýer ýüzüniň ähli künjeginden sport dünýäsiniň wekillerini bir ýere jemleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň halkara sport abraýyny belende götermek, Parižde geçiriljek Olimpiadada türgenlerimiziň üstünlikli çykyş etmekleri üçin hormatly Prezidentimiz, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz degişli Kararlara gol çekdi. Olara laýyklykda, milli ýygyndy toparymyzy XXXIII tomusky Olimpiýa we XVII tomusky Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça maksatnama işlenip taýýarlanyldy hem-de guramaçylyk komiteti döredildi. Munuň özi halkara ýaryşlaryna gatnaşýan türkmen türgenleri üçin edilýän bimöçber aladadan, çäksiz goldawdan nyşandyr.

Sport bilen yzygiderli meşgullanmak şahsyýetde guramaçylyk, nyzamlylyk, işjeňlik, zähmetsöýerlik ýaly endikleri kemala getirýär, aň-paýhas taýdan ösüşi höweslendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini üpjün edýär, adam häsiýetini kemala getirmekde möhüm orny eýeleýär. Adamda özüne ynamy, güýç-kuwwaty, ruhubelentligi terbiýeleýär. Şonuň üçin raýatlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar» diýip belleýär.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlar, belent tutumlar jemgyýetimiziň ruhy we beden taýdan sagdynlygynyň berkemeginde, dünýä halklary bilen jebisleşmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, berkarar döwletimiziň aýdyň geljegini kepillendirýär.

Didar ORAZOW, Daşoguz welaýatynyň prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.