14.09.2024
Geçen şanly ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gojaman Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde okan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy akyldar şahyrymyza goýulýan belent sarpany dabaralandyrdy. Hut şu nukdaýnazardan, 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän şanly ýylymyz — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bu gün ajaýyp wakalara beslenýär. Şanly ýylymyzda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna bagyşlanyp geçirilýän çäreler her birimize şatlyk we begenç duýgularyny bagyşlaýar.
Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň kalbynda, aňynda mydamalyk orun aldy. Akyldar şahyrymyzyň halkyň söýgüsine mynasyp bolan ajaýyp eserleri ýaş nesilleri terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şahyryň ebedi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri, adamkärçiligi ahlagyň,mertligiň, salyhatlylygyň,watançylygyň, ynsabyň ölçegi bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlarboýy ýaşap gelýär.
Şygryýet äleminde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň, ylaýta-da, öwüt-nesihata ýugrulan goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Her setiri nakyla öwrülen ajaýyp şygyrlar ýaş nesle zähmet terbiýesini, watançylyk terbiýesini, ata-enäni we ýaşulyny hormatlamak, edep-terbiýe, agzybirlik, adamkärçilik ýaly örän derwaýys meseleleri öz içine alýar. Şonuň üçin hem halkymyzyň egsilmez guwanjyna we bimöçber buýsanjyna öwrülen çeper söz ussadyna, Hakdan içen akyldar şahyrymyza ulus-ilimiz uly sarpa goýýar.
Berkarar döwletli, sowulmaz ýazly döwürde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormat-sarpasynyň has beýgelýändigine beýik söz ussadymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uludan dabaralandyrylýan çagynda anyk göz ýetirýäris. Taryhyň gatlaryna pähim-paýhasy bilen ýalkym salan beýik şahsyýetiň sarpasyny belende göteren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak, janlary sag, tutýan il-ýurt bähbitli tutumlary rowaç bolsun.
Şirin HODJYÝEWA, Ahal welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.