20.09.2024
Milli Liderimiziň «Döwletguşy» romanynda özüniň mähriban kyblasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ömrüniň diňe bir ýarym ýylyny — urşa giden kakasyndan maşgala garamatyny gerdenine alyp, ol ýüki entek çagadygyna garamazdan, merdimerdanalyk bilen çeken döwrüni suratlandyrýar.
Romanda türkmeniň buýsanjy Magtymguly Pyragynyň beýik şygyrlarynyň —ölmez-öçmez ruhy bilen ýaş Mälikgulynyň ýüregine medet, penakär, söýenç bolşy, ýaşdygyna garamazdan, garadan gaýtmaz, merdana Mälikgulynyň bolsa özüniň agramly sözleri, juwan kalbyndan çykýan şygyrlary, arassa ýüregi, gara güýji bilen il-gününe hemaýatkär, goldaw bolandygy baradaky hakykat açylyp görkezilýär.
Pyragynyň şygyrlaryndan ruhlanyp, kalbynda köreýän türkmen milletine bolan guwanç, buýsanç, gahrymançylyga hyjuw duýgularyny, eziz Watanyna çäksiz söýgüsini galam bilen kagyza geçirip, obadaşlaryna, ilgününe urşuň hupbatly günlerinde medet beriji goşgularyny ýazan Mälikgula bir gezek Mody başlyk: «şahyr oglan» diýende, Mälikgulynyň: «Ýokla, men şahyr däl. Kakam: «Magtymguludan soň türkmende men şahyr diýip öňe çykmak örän kyn düşer. Onuň üçin Hudaý tarapyn bir halatly bolmaly» diýdi diýip, kiçigöwünlilik bilen jogap berýär.
Romanda beýan edilişine görä, urşuň ýalynly «gujagyna» döş gerip barýan obadaşlaryna bir garyş topragy üçin serden geçen türkmeniň taryhyndan, buýsançly halkyň belent ruhundan habar berýän goşgularyny aýdyp beren Mälikguly özüniň mähriban kakasy Berdimuhamet Annaýewiň «Türkmeniň» goşgusyny hem köpçülige okap berýär. Goşguda Oguzhandan gaýdýan milletimiziň aslynyň belentligine, sylagly -sarpaly, hanly-begli, watanperwer türkmendigine uly buýsanç, eziz topragyna egsilmez söýgi arşa göterilip, ýüreklere ornaýar.
Mälikgulynyň Pyragydan ýaňlandyrýan goşgularynyň naýbaşysy «Ýeldim tut» bolupdyr. Mälikgulynyň üç obanyň adamlaryny sowatly eden, ak mekdebi gurup, soňam Watan topragyny duşmanlardan döş gerip, goramaga giden mähriban kyblasy Berdimuhamet mugallym hem öýüne myhmançylyga gelen obadaşlaryna, dostýarlaryna iň köp okap berýän kitaby Magtymguly bilen «Görogly» eken.
Türkmeniň Watançylyk urşy ýyllaryndaky towha düşen kenek ýaly düňderilen agyr täleýiniň ýüküni çekişip, elinden geldiginden ýüreklere goşgy bilen giňlik beren Mälikgula obadaşy Berkeli aganyň: «Seniň «Ýaşasyn», «Biz ýeňeris» atly goşgularyň biziň şu günümiziň «Ýeldim tuty» diýmesinde hem ymgyr many ýatyr.
Hakykatdanam, ilgünüň tutan tutumynyň rowaçlygy, asudalygy, bagty üçin ýaşan, başlaryna «döwlet guşy gonan» ynsanlary, elbetde, Hakam unutmaz, halkam. Mälikguly Berdimuhamedowyň arzuw eýlän, eziz perzendi Gurbanguly Berdimuhamedowyň bina eden we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam etdirýän bagtyýar, asuda, bagtly günlerini başdan geçirýän türkmen halkymyzyň, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dowamaty dowam bolsun!
Bibigül ÝAGŞYMÄDOWA, Daşoguz şäher prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi