22.09.2024
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiz ähli ugurlar boýunça ösüş-özgerişli döwri başdan geçirýär. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň kanunçylyk-hukuk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşli talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Bu bolsa, döwletimiziň we raýat jemgyýetimiziň durnukly ösüşine bähbitli täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyzyň içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär.
Ajap eýýamymyzda raýat jemgyýetimizi demokratik ýol-ýörelgeler bilen ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň döwrebap kanunçylygy raýatlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň ygtybarly goraglylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Bu babatda demokratik ýol-ýörelgelerden ugur alynýar. Şeýle ösüş-özgerişli ýolumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da rowaç alýar.
Maksat BAZAROW, Türkmengala etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist.