HALK MASLAHATY: jebislik, agzybirlik we aýanlyk

26.09.2024

Halkymyzyň asyrlardan bäri durmuşyň wajyp meselelerini halkyň içinden sylanýan, hormatlanýan adamlar bilen maslahatlaşyp, sala salşyp çözendigi bize taryhdan mälimdir. Hormatly Prezidentimiz öňden dowam edip gelýän bu däpleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrüp, ony zamanabap talaplar esasynda ösdürýär.

Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli düzümlerinde taýýarlyk görülýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, 24-nji sentýabrda geçiriler.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiňiň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip beýan edilýär. Esasy Kanunymyzda bellenilişi ýaly, ýurdumyzda her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny amala aşyrmak, döwletiň we jemgyýetiň demokratik kadalaryny, hukuk esaslaryny berkitmek döwle tsyýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahaty her bir şahsyýeti, döwlet bilen jemgyýeti sazlaşykly ösdürmegi we olaryň bähbitleriniň deň bolmagyny üpjün etmegi maksat edinýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň baş maksady Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekden, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekden, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakdan hem-de halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekden ybaratdyr. Şeýle möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşyp olary üstünlikli çözmekde, wezipeleri anyk kesgitlemekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti aýratyn uludyr.

Halk Maslahaty döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny, halkymyzyň ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine hem demokratik däplerine üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň döwlet gurluşynyň esaslaryny kesgitleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 3-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar. Halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Hemme wekilçilikli edaralaryň demokratik esasda saýlawlylygy halk bilen häkimiýetiň özara ynamynyň, jemgyýetiň, döwletiň işini dolandyrmaga gatnaşmak üçin raýatlaryň konstitusion hukuklaryny işjeň durmuşa geçirýändiginiň, raýat jemgyýetiniň yzygiderli kämilleşýändiginiň alamatydyr.

Öňden gelýän däplere görä, Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda ählihalk maslahaty geçirilýär. Halk Maslahaty wekilçilikli edara bolup, onuň işi demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak, Kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýaly mizemez ýörelgelere esaslanýar. Halkyň agzybirliginiň aýdyň ýüze çykmasyna gönükdirilen meseleleriň ençemesine garalar. Olara degişli pikir-garaýyşlar, teklipler orta atylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň esasy aýratynlygy, onda jemgyýetiň ähli gatlaklaryndan bolan, dürli kärdäki raýatlaryň öz pikir-garaýyşyny beýan etmäge mümkinçiligiň bardygydyr. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanunyň 10-njy maddasynda Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary görkezilendir. Bu kadalara laýyklykda, Halk Maslahaty, esasan, Konstitusiýany we Konstitusion kanunlary Kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça teklipleri, şeýle hem içeri we daşary syýasatyň esasy ugurlaryna, ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş, medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna we kanunlaryna garaýar hem-de makullaýar. Halk Maslahaty jemgyýetçilik guramalary hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde ýurdumyzy hemmetaraplaýyn üstünlikli ösdürmäge we halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga, wezipeleri çözmäge gönükdirilen işleri yzygiderli alyp barýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňde goýýan giň möçberli wezipeleriniň taryhy ähmiýetini ilata düşündirmek Halk Maslahatynyň agzalarynyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň öňde goýan aýdyň we anyk wezipelerine hem-de döwrüň talaplaryna laýyklykda, häzirki wagtda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek boýunça birnäçe kanun taslamalary taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlaryň birnäçesine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işler geçirilýär.

Ýurdumyzyň dünýäniň syýasy giňişligindäki daşary ýurtlar bilen dostlukly, deňhukukly we hoşniýetli gatnaşyklary döwrebaplaşdyrmak hem-de bu ugurda milli kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek babatda taýsyz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.

Daňatar ABDYLLAÝEW, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.