BELENT MERTEBÄNIŇ ÝAŇY

05.10.2024

Şygary Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” goşgusyndan gözbaşly üstümizdäki ýylyň ýeňişli sepgitleri, şanly wakalary il-günümizde uly ruhubelentligi döredýär. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmeginiň hatyrasyna tutan ýerli zähmet çekýär, gurýar we döredýär. Türkmen ili şu ýylyň taryhy wakasy bolýan beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýuny toýlaýar.

Beýik şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly toýunyň halkara derejesinde bellenilmegi Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna belent sylag-sarpany äşgär edýär. Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa, edep-terbiýä, öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary ýüzlerçe ýyl bäri türkmen halkyna terbiýe çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär. Şu sene mynasybetli geçirilýän dabaraly çäreleriň aýdym-sazlary şahyrymyzyň belent mertebesiniň buýsançly ýaňy bolup alyslara aşýar.

Jumageldi ROZYÝEW. Murgap etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.