20.10.2024
Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gowaça ösdürip ýetişdirýän daýhanlara we ähli oba hojalyk işgärlerine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etmegi pagtaçylarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, pagta ýygymy möwsüminiň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek üçin ýerlerde ulanylýan tehnikalara gije-gündizleýin tehniki hyzmatlar ýola goýlup, mehanizatorlaryň, sürüjileriň we pagtany el bilen ýygmaga gatnaşýanlaryň öndürijilikli işlemekleri, doly derejeli dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmegi bol hasylyň isripsiz ýygnalmagy ugrunda taýsyz tagallalaryň edilýändigi niň subutnamasydyr.
Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, halylar we şygarlar bilen bezelen pagta kabul ediş bölümlerine, pagta arassalaýjy zawodlaryna üsti «ak altyn» bilen doldurylan awtoulaglaryň hem-de tirkegli traktorlaryň ilkinji kerwenleri geldi. Halkymyzyň asylly däbine görä, Beýik Biribardan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň abadançylygy dileg edilip, hormatly ýaşulularyň hasylyň ýygnalyp başlanmagyna ak pata bermekleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýene bir şanly wakalarynyň biri bolup halkymyzyň hakydasynda orun aldy.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bäsdeşlige ukyply obasenagat toplumynyň kemala getirilmegi, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, şeýle hem ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň ýokarlandyrylmagyny maksat edinýän döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimizde oba hojalygyny ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagyna öwürmek üçin bar bolan mümkinçilikler peýdalanylýar we bu ugruň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen bökdençsiz üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde oba hojalyk pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Edermen daýhanlarymyz bugdaýyň we pagtanyň, şeýle-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyny beýgeldýärler. Daýhanlarymyzy ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, bereketli topragymyzda öndürilýän pagtanyň we bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak hakyndaky Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary zähmetkeşleriň yhlasly zähmetine goýulýan hormatyň nyşanydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeler ýylyň-ýylyna ýetişdirilýän hasylyň artmagyny üpjün edýär.
«Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny 2017-nji ýylda kabul edildi. Kanun Türkmenistanda pagtaçylygyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady esaslaryny kesgitleýär hem-de pagta önümleriniň dolanyşygy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
Pagtaçylyk hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de pagtaçylyk babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Türkmenistanda pagtaçylygy ösdürmek, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgelerine laýyklykda, pagta çig malyny gaýtadan işleýän subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek, dünýä bazarynda pagta önüminiň bäsleşige ukyplylygyny ösdürmek, geljekde pagtaçylygyň dokma we azyk senagatyna bir bitewüleşdirilmegi üçin hukuk we ykdysady esasy döretmek «Pagtaçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň maksady bolup durýar.
Agzalan Kanunyň 8-nji maddasynda pagtaçylyk babatda döwlet goldawy şu görnüşlerde amala aşyrylýandygy bellenilendir. Ýagny, olar sortlaryň naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny ösdürip ýetişdirmekde ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklaryna ýardam bermekden, tohumlyk pagta çig malynyň döwlet satyn alyş nyrhlaryna goşmaça tölegleri bellemekden, önümçilik harajatlaryny azaltmaga gönükdirilen döwlet ýeňilliklerini bermekden, ýeňillikli şertlerde karzlary bermekden, salgyt ýeňilliklerini bermekden, pagta çig malyny hem-de pagta önümini öndürmegiň we saklamagyň täze, öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýardam bermekden ybaratdyr.
Eziz Watanymyzy we halkymyzy agzybirlikde rowana ak ýollar bilen ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, umumadamzat bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.
Daňatar ABDYLLAÝEW, Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.