24.10.2024
Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny ýeňişlere besläp, şanly wakalaryň şaýady bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryny baýdak edinýän türkmen ili abadan ertirine barýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň binýadyny berkden tutýar. Ata Watanymyzda raýat jemgyýeti mundan beýläk-de demokratik ýörelgeler esasynda ösdürmekde tutumly işler alnyp barylýar. Döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny kämilleşdirmekde we pugtalandyrmakda giň möçberli işler geçirilýär.
Häzirki wagtda döwletimiziň we jemgyýetimiziň dur muşynda taryhy waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ykjam taýýarlyk görülýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek bu umumy milli forum taryhy ähmiýete eýe bolar. “Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda” Konstitusion kanunynyň 1-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi asyrlar aşyp gelýän milli demokratiýamyzyň asylly däpleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň subutnamasy boldy. Döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu başlangyjyň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmekden, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmakdan, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, kanunçylyk-hukuk we beýleki ulgamlarynda täze sepgitlere ýetirmekden ybaratdyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde gazanylan üstünlikleriň jemi jemlenip, öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Mejlisde garaljak meseleler we kabul ediljek çözgütler bolsa, ösüşli ýolumyza kuwwatly itergi berer.
Islam AMANOW. Sakarçäge etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.